bedew taze THE ASHGABAT TIMES

Atçylykda genetika: däpler we täze tehnologiýalar

02.11.2025

Asyrlaryň dowamynda atlar adamzat medeniýetiniň ösüşinde möhüm orun eýeläpdir. Olar öň hereket serişdesi we harby güýç hökmünde ulanylýan bolsa, häzirki wagtda sportda, medeniýetde hem-de dynç alyşda ynsanlaryň ýakyn ýoldaşyna öwrüldi. Nesil geçirijilik mehanizmlerini düşünmek — tohum atlaryň saklanyşynda we kämilleşmeginde hemişe möhüm bolup geldi. Öňleri seýisler diňe daşky alamatlara we tejribä daýansalar, häzirki döwürde molekulýar genetika esasy gural boldy. Bu ugurda ilkinji we iň ygtybarly usullaryň biri mikrosatellit DDN analizidir.

Taryhy seredilende,DDN barlag usullary peýda bolmazdan ozal, atlaryň gelip çykyşyny diňe nesil kitaplary, seýisleriň ýazgylary we daşky görnüş boýunça kesgitlemek mümkin bolupdy. Resminamalaryň ýalňyş doldurylmagy nesil baradaky maglumatlaryň bozmagyna sebäp bolýardy. Bu ýagdaý tohumçylyk işiniň hiliniň peselmegine we keselleriň ýaýramagyna getirýärdi. XX asyryň ahyrynda molekulýar biologiýa usullarynyň atçylykda peýdalanylyp başlanmagy bilen ýagdaý düýpgöter üýtgedi.

Mikrosatellit DDN näme? Mikrosatellitler — DDN-nyň gysga, gaýtalanýan nukleotid yzygiderlikleridir (meselem, «AST-AST-AST»). Her bir atda bu gaýtalanmalaryň sany tapawutlanýar. Hut şu tapawutlar mikrosatellitleri genetiki bellik hökmünde amatly edýär. Analiz usuly haýwanyň DDN-sini bölüp almak, PCR arkaly gerekli bölekleri köpeltmek we dürli şahslaryň DDN bölekleriniň uzynlygyny deňeşdirmek esasynda alnyp barylýar. Şeýle hem STR-analiz (iňlisçe Short Tandem Repeats) köp ýyllap dünýä atçylyk tejribesinde «altyn standart» bolup hyzmat etdi.

Häzirki zaman tehnologiýalary bilen deňeşdirmek. Häzirki wagtda STR-analiz orny SNP-çiplere we doly genom sekwensirleme tehnologiýalaryna berilýär. Emma mikrosatellit belgiler entegem giňden ulanylýar, sebäbi olar: has arzan, çalt ýerine ýetirilýär, halkara identifikasiýa standartlaryna girizilen. Amaly taýdan STR-analiz gündelik barlaglarda ulanylýar, has çylşyrymly usullar bolsa ylmy maksatlarda we çuňňur seleksiýa işlerinde ulanylýar.

Seýisler üçin amaly peýdasy. Nesil arassalygyna kepillik — gymmatly atlaryň gelip çykyşynyň tassyklanylmagy. Tohumçylykda optimizasiýa — garyndaşçylyk arkaly döreýän nädogry çaprazlamalaryň öňüni almak. Ykdysady peýda — tohum resminamalaryna bolan ynamyň artmagy we bazar bahasynyň ýokarlanmagy.

DDN analiziniň geljegi. Mikrosatellitler häzirki wagtda identifikasiýanyň esasyny düzse-de, geljekde olaryň ornuny SNP-panel we doly genom sekwensirleme usullary eýelär. Şeýle-de bolsa, STR-analiz uzak ýyllar bäri dowam edip, elýeterli we ygtybarly gural hökmünde galyp biler. Muňa garamazdan, mikrosatellit DDN analiziniň peýda bolmagy atçylykda ynamly ädim boldy. Ol atlaryň gelip çykyşyny takyk tassyklamaga, genofondy goramaga we tohumçylyk işiniň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. Täze tehnologiýalaryň peýda bolmagyna garamazdan, STR-analiz entegem amaly taýdan möhüm we ygtybarly gural bolup galýar. Genomika bilen utgaşykda ol atlaryň nesil geçirijiligini has çuň düşünmäge we seleksiýanyň täze standartlaryny döretmäge ýol açýar.

Ogulnabat BAJAMOWA,
«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň molekulýar genetika bölüminiň laboranty.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
bitara parahat THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Döwrüň parahatçylyk taglymaty

sanly cozgut 25 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Täze pikirler – täze taslamalar

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop