“Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynda türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygyna bagyşlanyp “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: türkmen manadynyň ýurduň durmuş-ykdysady ösüşindäki orny” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň döwlet hem-de paýdarlar täjirçilik banklarynyň, maliýe-ykdysadyýet toplumynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar gaznasynyň sergisi guraldy.
Maslahatyň gün tertibine milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi bilen ýurdumyzda gazanylýan ykdysady üstünlikler, milli pul-karz syýasatynyň durmuşa geçirilişi, bank ulgamyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy arkaly döwrebap bank hyzmatlarynyň ýola goýulmagy, elektron tölegler ulgamynyň kämilleşdirilmegi, halkara maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlyk ýaly meseleler girizildi.
«THE ASHGABAT TIMES».