Türkmenistan Watanymyz nebite we gaza baýdyr. Ägirt uly «Galkynyş» gaz känindäki tebigy gaz gorlarynyň ummasyz möçberi, Hazar deňziniň türkmen böleginiň uglewodorod serişdelerine baý ýataklary hem-de geljegi uly bolan beýleki känleriň nebit-gaz gorlary şeýle diýmäge esas berýär. Şonuň bilen baglylykda, dünýäniň energetika döwletleriniň hataryna girýän ata Watanymyz baý uglewodorod serişdelerini doly derejede ulanmaga we ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň göwrümli işleri alyp barýar.
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen, mundan sanlyja ýyl ozal gurlup, ulanylmaga berlen Ahaldaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawody hem iri taslamalaryň hatarynda guwanç bilen bellemek ýakymlydyr. Ol dünýäde gazhimiýa toplumynyň ilkinji kuwwatly, iň kämil innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan zawoddyr. Onda her ýyl 1 milliard 785 million kub metr tebigy gazyň gaýtadan işlenip, iň ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän 600 müň tonna EСО-93 kysymly benzin, 12 müň tonna dizel ýangyjy hem-de 115 müň tonna suwuklandyrylan gaz öndürmäge giň mümkinçilikleriň bolmagy zawodyň esasy aýratynlygydyr.
Nebitiň, gazyň we beýleki tebigy serişdeleriň täze ýataklaryny ýüze çykarmaga gönükdirilen geologiýa-gözleg işlerini giňeltmek, ýurdumyzyň belli ýataklarynyň çäklerinde geofiziki barlag işlerini geçirmek we gözleg guýularyny burawlamak, geljekde özleşdirilýän nebitgaz ýataklarynda nebiti we gazy amatly çykarmak üçin 4D gözegçilik tehnologiýasyny ornaşdyrmaga mümkinçilik berjek meýdan seýsmiki toplumlarynyň 3D modelirlemeginiň täze usullaryny we programma üpjünçiliklerini işläp taýýarlamak ilkinji nobatdaky wezipeleriň biridir.
Aýna AMANOWA
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy