Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmegi, şeýle-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli «Dünýäniň owazlary» atly konsert geçirildi. Oňa ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda zähmet çekýän hünärmenler, talyplar we okuwçylar, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylarydyr myhmanlary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew bilen Türkmenistanyň Döwlet horunyň ýerine ýetirmeginde Baýramdurdy Hudaýnazarowyň sazyna, Berdinazar Hudaýnazarowyň sözlerine döredilen «Gülle, Bitarap Türkmenistan!» atly aýdym tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.
Konsertiň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň «Joşgun» akapella çagalar hor toparynyň, Aşgabat şäheriniň 4-nji sungat mekdebiniň «Saýrak bilbiller» çagalar hor toparynyň, nebitgaz toplumynyň «Ruhubelent çagalar» tans toparynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
«THE ASHGABAT TIMES».