Internet torlarynyň giňelmegi bilen maglumat alyş-çalyşynyň kämilleşmegi häzirki döwrüň möhüm we täsirli ösüş ugurlarynyň biridir. XXI asyrda internet jemgyýetiň ykdysady, sosial, medeni hem-de ylmy ösüşiniň esasy hereketlendirijisine öwrüldi. Häzirki wagtda dünýäniň ähli künjeklerinde internet hyzmatlarynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde maglumat alyş-çalyşygy has çalt, netijeli we elýeterli boldy.
Internet torlarynyň giňelmegi diňe bir aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem ähli pudaklaryň işiniň täze derejä çykmagyna, maglumat toplumlarynyň döremegine we jemgyýetiň maglumat taýdan ösüşine güýçli täsir etdi.Internet torlarynyň ösüş taryhyna ser salanymyzda, onuň ilkinji görnüşleri diňe ylmy edaralaryň arasynda maglumat alyşmak üçin niýetlenipdi. Emma soňra bu ulgam çalt depginde ösüp, dünýä boýunça millionlarça ulanyjyny öz içine aldy. Häzirki wagtda internet diňe bir maglumat almak ýa-da habarlaşmak üçin däl-de, eýsem söwda, bilim, saglygy goraýyş, dolandyryş we senagat ulgamlarynda hem möhüm orny eýeleýär. Şeýle giň ýaýramak maglumat alyş-çalyşynyň hiline we tizligine uly täsir etdi.
Internet torlarynyň giňelmegi netijesinde maglumatlary islendik ýerden, islendik wagtda almak mümkinçiligi döredi. Mundan birnäçe ýyl ozal maglumatlary ibermek we almak birnäçe sagat ýa-da gün gerek edýän bolsa, häzirki wagtda bu proses sekuntlaryň dowamynda amala aşyrylýar. Bu ýagdaý maglumat alyş-çalyşynyň tizligini ýokarlandyrdy we jemgyýetiň maglumatlara bolan elýeterliligini giňeltdi. Şeýlelikde, maglumat alyş-çalyşygyň tizligi ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda netijeliligiň ýokarlanmagyna sebäp boldy.
Maglumat alyş-çalyşynyň kämilleşmegi telekommunikasiýa ulgamynyň ösüşi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Internet torlarynyň giňelmegi arkaly elektron poçta, wideoaragatnaşyk, sosial torlar, bulut hyzmatlary ýaly täze aragatnaşyk serişdeleri peýda boldy. Bularyň hemmesi adamlar arasynda aralygyň ähmiýetini peseltdi. Häzirki wagtda dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan adamlar arasynda wagtyň we aralygyň çägi ýok diýen ýaly boldy. Bu bolsa halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, medeni alyş-çalyşygy güýçlendirmäge we ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge ýardam berdi.
Internet torlarynyň giňelmegi bilen maglumatlaryň saklanylyş usullary hem üýtgedi. Bulut tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy maglumatlary uzak aralykda saklamaga we olara internet arkaly elýeter bolmaga mümkinçilik berdi. Bu ýagdaý maglumatlaryň howpsuzlygyny, ygtybarlylygyny we köp ulanyjy tarapyndan bilelikde işlenmegini üpjün edýär. Şeýlelikde, maglumat alyş-çalyşynyň kämilleşmegi diňe tizligiň ýokarlanmagy bilen çäklenmän, maglumatlary dolandyrmagyň we saklamagyň täze derejesine çykmagy bilen hem tapawutlanýar.
Internet torlarynyň giňelmegi bilim ulgamynda hem uly täsir görkezdi. Elektron kitaplar, onlaýn okuw platformalary, wirtual sapaklar we bilim çeşmeleri giň elýeterlilige eýe boldy. Talyp ýa-da mugallym bolmakdan oňaýsyz ýagdaý ýok — internet arkaly dünýäniň islendik künjeginden ýokary hilli bilimi almak mümkin boldy. Bu ýagdaý maglumat alyş-çalyşynyň täze derejesini döretdi, sebäbi bilim ulgamyndaky maglumatlaryň alyş-çalyşygy dünýä derejesinde amala aşyrylýar. Şeýle mümkinçilikler jemgyýetiň maglumat medeniýetiniň we intellektual derejesiniň ýokarlanmagyna uly goşant goşýar.
Begnazar AKMÄMMEDOW
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we Informatika
Institutynyň talyby