bitarap kepderi krug THE ASHGABAT TIMES

Bitaraplyk – agzybirligiň nyşany

05.11.2025

Ata Watanymyzda saba säher bilen öwsen sergin ýeller erkinligiň aýdymy, köňüllerimize bagt mukamy bolup dolýar. Asuda durmuşda ajaýyp zamanamyzyň hözirini görýän ulus-ilimiz mukaddes Garaşsyzlygymyza, hemişelik Bitaraplygymyza ýürekden buýsanýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly ýörite Kararnamany kabul etmegi dünýä tejribesinde ilkinji gezek şeýle halkara-hukuk derejesiniň ýurdumyza berlendiginiň guwandyryjy nyşany boldy.

Türkmenistanyň Bitaraplygy häzirki zamanyň möhüm wezipelerini çözmekde, döwletleriň we halklaryň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmekde netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň oňyn guraly hökmünde ykrar edildi. 2015-nji we 2025-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň Bitaraplygyna dahylly Kararnamany biragyzdan kabul etmegi ýurdumyzyň abraý-mertebesini has ýokary galdyrdy. Onda ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine goldaw, şeýle hem onuň sebitde we dünýä giňişliginde möhüm orna eýedigi baradaky ykrarnama öz beýanyny tapdy. Mundan başga-da, BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etdi.

BMG-niň jogapkärli uzakmöhletleýin hyzmatdaşy, öz üstüne alan borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine ygrarly ýurt hökmünde ykrar edilen Türkmenistan Merkezi Aziýada parahatçylygyň, howpsuzlygyň we hyzmatdaşlygyň berkidilmegi ugrunda edilýän halkara tagallalaryna işjeň gatnaşýar. Bu ugurda ýurdumyz ägirt uly parahatçylyksöýüjilikli tejribe toplady. Häzirki döwürde bu tejribe sebit boýunça ähmiýetli bolup durýar. 2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň açylmagy Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli ösdürilýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda täze tapgyry emele getirdi. Bu merkeziň işi sebitiň giňişliginde durnuklylygyň ýola goýulmagyny we netijeli özara gatnaşyklaryň berkidilmegini şertlendirýär.

Garaşsyzlyk, baky Bitaraplyk Türkmenistanyň okgunly ösüşleriniň, döwlet özbaşdaklygynyň, halkymyzyň erkin hem-de eşretli ýaşaýşynyň goşa ganatydyr. Şol gymmatlyklara giňden daýanyp, dünýä döwletleri bilen dostana gatnaşyklary barha giňeldýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ähli tutumlary rowaç bolsun!

Altyn GOÝMADOWA,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň dünýä dilleri kafedrasynyň uly mugallymy, polisiýanyň maýory.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
konsert THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

«Dünýäniň owazlary» atly konsert guraldy

dowlet gullugy akademiyasynyn taze binalar toplumyny bayly gurlusyk hk sy bina eder THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen binagärçiliginiň taryhy

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop