gurlus sen THE ASHGABAT TIMES

Gurýan döwlet gurpludyr

05.11.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzda gurluşyk we senagat toplumy yzygiderli ösdürilýär. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde ägirt uly binagärlik toplumlary, edara binalary, has oňaýly we ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen iri önümçilik kärhanalary gurulýar. Ýakynda ýurdumyzda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününiň uly ruhubelentlikde bellenilip geçilmegi-de munuň aýdyň güwäsi boldy.

Bitarap ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, içerki bazary ýerli gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmek meselesine uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, täze kärhanalary gurmaga, hereket edýän önümçilikleriň kuwwatyny yzygiderli ýokarlandyrmaga döwletimiz tarapyndan ägirt uly maýa goýumlar gönükdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplumyň gurluşygynyň, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň düýbüni tutmak, şeýle hem Esenguly etrabynda kuwwatlylygy gije-gündizde 20 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň we Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň açylyş dabaralaryna gatnaşmagy bu ugurda amala aşyrylýan işleriň aýdyň netijesine öwrüldi.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda, has takygy, 8-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berlen “Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň çäginde ýerleşýän täze önümçilik desgasynyň — çüýşe önümlerini öndürýän önümhananyň işe girizilmegi hem ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, ýerli çig mal esasynda öndürilýän önümleriň önümçiligini giňeltmek bilen baglanyşykly döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär. Kuwwatlylygy bir gije-gündizde 100 tonna çüýşe önümlerini öndürmäge niýetlenen täze önümçilik desgasy ylmy-tehniki ösüşiň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyryldy. Täze kärhana içerki sarp edijileriň isleglerini doly kanagatlandyrmak bilen birlikde, eksport kuwwatyna-da eýedir.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň öňüsyrasynda Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde Döwletli mekan, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde Bagtly zamana obalarynyň, şeýle hem Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginiň çäklerinde Bitaraplyk şäherçesiniň açylyp ulanmaga berilmegi Türkmenistanyň gurmak gudratynyň, döretmek ukybynyň netijeleridir.

Bize asuda hem abadan durmuşda ýaşamaga, okamaga, öwrenmäge, döredijilikli zähmet çekmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri mydama rowaç bolsun!

Ezizmuhammet ORAZOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
dowlet gullugy akademiyasynyn taze binalar toplumyny bayly gurlusyk hk sy bina eder THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen binagärçiliginiň taryhy

tm usa THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Prezidentiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary başlandy

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop