4-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — ABŞ» formatyndaky sammite gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Birnäçe sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Waşington şäheriniň Andrews Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň resmi adamlary hem-de Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Hormatly Prezidentimiziň ABŞ-a iş sapary dowam edýär.
«THE ASHGABAT TIMES».