bag ekmek 24 THE ASHGABAT TIMES

Bag ekmek – sahawatly iş

08.11.2025

Nahal oturtmak, bag ýetişdirmek iň sogaply hem-de parz işleriň biri hasaplanylýar. Bag ekmek halkymyzyň milli dessurydyr. Şoňa görä-de, parasatly pederlerimiz täze öý gurunjak ýerinde hemişe bag nahallaryny oturdypdyrlar. Häzirki wagtda bu asylly ýörelge mynasyp dowam etdirilip, 31-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça degişli taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy aýdyldy. Bu dabara ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde, tokaý zolaklaryny döretmekde, bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Bag — berekediň bir çeşmesi hasaplanylýar. Näçe köp bag nahallary ösdürilip ýetişdirilse, şonça-da şol ojagyň, şol ýeriň rysgal-berekedi has köpeler diýilýär» diýip belleýär. Şundan ugur alnyp, häzirki wagtda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tebigy gurşawy abadan we arassa saklamak, ýaşlarda ekologik terbiýäni ösdürmek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar.

Bag ekmek — sahawatly iş. Söýgüli şahyrymyz Gara Seýitliýewiň: «Kimde-kim bir agaç ekse ýadygär, // Dünýä kitabynda onuň ady bar» diýen setirleri bolsa hemmämizi bu sogaply işe höweslendirýär. «Bu gün nahal — ertir daragt» diýlişi ýaly, ýetişdirilýän baglar tebigatymyza we ruhy dünýämize gözellik hem-de öwüşgin çaýýar.

Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň dana paýhasyndan gözbaş alan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan beýik işler alys geljegi nazarlaýar. Şunda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça geçirilýän ählihalk bag ekmek dabaralary bolsa yzygiderli häsiýete eýe bolýar. Sebäbi bag ekmek, daş-töweregi abadanlaşdyrmak, arassaçylyk çärelerini geçirmek halkymyzyň milli aýratynlygyna, ýörelgelerine mahsus häsiýetler hasaplanylýar.

Parasatly pederlerimiz: «Bir nahal ekseň, ýaşyň baky», «Bag — barlyk hem baýlyk» diýen ýaly pähimleri döretmek bilen, ýaş nesillere bu haýyrly işi mynasyp dowam etmegi ündäpdirler. Bu jümleleriň durmuş beýanyna Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň nyşanyndaky ýaşyl öwsüp duran derek agajyny synlanyňda has-da aýdyň göz ýetirýärsiň. Milli Liderimiziň: «Bag ekmek dünýäniň bakylygyna goşant goşmakdyr, ene topraga öz adyňy müdimilik ýazmakdyr» diýen sözleri bolsa biz — ýaşlar üçin bu asylly işe goşant goşmaga özboluşly çagyryş bolup ýaňlanýar.

Enar GÜRGENOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
turksoy 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkiýede Döwletmämmet Azadynyň doglan gününiň 330 ýyllygy bellenildi

23122023 gazna 960x511 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ynsanperwerlik – halkymyzyň asylly ýörelgesi

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop