hasyl toyy THE ASHGABAT TIMES

Hasyl toýy – halkyň toýy

08.11.2025

Gadymy ekerançylyk medeniýetiniň ýurdy hökmünde tanalýan Türkmenistanda häzirki wagtda oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi täze many-mazmuna eýe bolýar. Noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde ýurdumyzda türkmen ekerançylarynyň zehinini we zähmetsöýerligini, mähriban topragymyzyň egsilmez sahawatyny alamatlandyrýan Hasyl toýunyň giňden bellenilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Hasyl toýy janypkeş daýhanlarymyzyň arly ýyl çeken zähmetleriniň ýerine düşendigini,  ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň ýene bir gez beýgelmegini alamatlandyrýan özboluşly baýramçylykdyr.

Il arasynda «Daýhan baýasa, döwlet baýar» diýen aýtgy bar. Dogrudan hem halkyň azyklyk önümleriniň esasy öndürijisi bolan daýhanyň galkynmagy, onuň yhlasly işlemegi üçin oňaýly mümkinçilikleriň döredilmegi ýurduň ösüşine itergidir. Zandy zähmete ýugrulan merdana daýhanlarymyz sanlyja ýyllaryň içinde hem özlerini, hem döwletimizi galkyndyrdylar. Galla we pagta ýygnamakda her ýylky döwlet borçnamalarynyň artygy bilen ýerine ýetirilişini synlanyňda bolsa mele ýere merdem yhlas siňdirýän ekerançylarymyzyň entek kän-kän üstünlikli menzillere ýetjekdigine çyn ýürekden ynanýarsyň. Şeýle bolansoň, Hasyl toýy edermen daýhanlarymyzyň zähmet ýeňişlerine, olaryň öňdäki «etsem-goýsamlaryna» bolan guwanç duýgularyna garylýar.

Hasyl toýy ene topraga bolan söýgüniň yhlasa ýugrulyp, dünýä ýüzüne dabaralanmasydyr. «Ýykylsaň, ýere ýapyş» diýen paýhasy ýörelge edinen ýer eýeleri bu gün çeken halal zähmetiniň rehnetini görýär. Ekişe «Meň elim däl, Babadaýhanyň eli» diýip başlaýan oba zähmetkeşlerimiz arly ýyllap mele ýere maňlaý deri bilen birlikde, çirksiz yhlasyny hem siňdirýärler. Daýhançylyk — halalhon türkmeniň gadymdan bäri meşgullanyp gelýän kesp-käri. Bu arassa kär elmydama-da ynsana uly abraý getiripdir.

Gahryman Arkadagymyzyň: «Ýaşlary hem daýhançylyga ugrukdyryň, höweslendiriň!» diýen sargydyna eýerýän ýaşlarymyz gadymy ekerançylyk ýörelgelerine, daýhan pederlerimiziň däplerine beýik söýgi bilen seredýärler. Ak patraga çalym edýän pagta meýdanlaryna aýlanyp, «ak altyny» ýetişdirmekde we isripsiz ýygnamakda işjeň gatnaşýan ýaşlary göreniňde, zähmetsöýer nesliň kemala gelýändigine buýsanýarsyň. Olara ömrüni ekleýji topraga baglan tejribeli kärendeçiler, daýhanlar, ýer eýeleri ýol-ýörelge görkezýärler.

Çemen MÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
hytay sa THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

12-nji Hytaý – Merkezi Aziýa Hyzmatdaşlyk forumy geçirildi

wagt 22 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Wagtymyzy nämelere sarp etmeli?!

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop