Çaga terbiýesi asyrlarboýy halkymyzyň durmuş ýörelgesiniň aýrylmaz bir bölegi bolmagynda galýar. Şoňa görä-de, nesil terbiýesine häzirki wagtda aýratyn üns berilýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem halkymyzyň milli däplerinden, halk pedagogikasynyň ýörelgelerinden ugur alyp, perzent terbiýesine jogapkärli çemeleşmeler has-da kämilleşdirilýär. Çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna görä olaryň irki ösüşi, bilim-terbiýesi utgaşykly alnyp barylýar.
Terbiýeçilik işleri günüň ähli pursatlarynda üns merkezinde saklanýar. Körpeleriň ahlak, gözellik, zähmetsöýerlik, millilik terbiýesini berkitmekde, olaryň ýokary watansöýüjilik ruhuny belende götermekde has netijeli usullardan peýdalanylýar. Sapaklarda sanly görkezme serişdelerinden peýdalanylýar, çeper eserlerden, halk döredijiliginiň gymmatly çeşmelerinden ugur alynýar. Çagalara döredijilikli berlen düşünjeler has ýiti we netijeli täsir edýär. Şonuň üçin hem gün tertibine laýyklykda geçirilýän gezelenç pursatlarynda olaryň zähmet terbiýesine, sagdyn ösüşine ähmiýet berlip çagalaryň agzybirligi, dost-doganlygy, sagdynlyga bolan garaýyşlary çuňlaşdyrylýar.
Çagalar bakja-baglarynda geçirilýän säherlikler, gyzyklanma we göwnaçma çäreleri, bäsleşikler we beýleki medeni çäreler hem bagtyýar nesillerde watansöýüjiligi terbiýeleýär. Olaryň sungata söýgüsini artdyryp, maksada okgunlylygy, jemgyýetçilik garaýyşlaryny berkitmäge itergi berýär.
Çagalaryň medeniýetli, edep-terbiýeli kemala getirilmegi babatda geçirilýän usuly-pedagogik işleriň mazmuny, olaryň öýde hem üns merkezinde saklanmagy üçin ata-eneler bilen bilelikdäki işler hem sazlaşykly utgaşdyrylýar. Maşgala bilen bilelikdäki gatnaşyklary has-da mazmunlaşdyryp, terbiýeçiler we ata-eneler döwrümize mynasyp nesilleri kemala getirýärler. Munuň özi ýurdumyzyň geljegi hasaplanylýan ýaş nesilleriň geljek-de hünärli, bilimli, il-halka wepaly şahsyýetler bolup ýetişmekleriniň özenidir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim-terbiýeçilik işlerini ýokary derejede amala aşyrmak üçin ähli mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän, asylly maksatlarda we beýik işlerde halypalyk mekdebini görkezýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys!
Ogulgerek ARTYKOWA,
Mary şäheriniň rus dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 21-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.