sur bas THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň forumyna gatnaşýar

10.11.2025

2025-nji ýylyň 7–11-nji noýabry aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň (UNWTO) Baş Assambleýasynyň 26-njy mejlisine gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  

Çärä dünýäniň dürli ýurtlaryndan 160-dan gowrak wekiliýet gatnaşýar.

sur1 THE ASHGABAT TIMES

Mejlisiň dowamynda syýahatçylyk pudagyny ösdürmegiň möhüm ugurlary, şol sanda sanly we innowasion çözgütleriň ornaşdyrmak, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, şeýle hem syýahatçylygyň durnuklylygyny we jemgyýetçilik taýdan inklýuziwligini ýokarlandyrmak boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.

Bu ýylky mejlisiň esasy mowzugy «Emeli aňyň esasyndaky syýahatçylyk: geljege täze göz bilen seretmek» bolup, ol halkara syýahatçylygyň täze arhitekturasynyň emele gelmeginde emeli aňyň möhüm ornuna ünsi çekýär.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
mar bas THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bakja-baglar bagy-bossan, gülgüzar!

caga bilim THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Şadyýanja çagajyklar bilbil bolup saýraýandyr

Soňkylar Habar

GitTop