dayhan sarpa THE ASHGABAT TIMES

Edermen daýhanlarymyza sarpa

11.11.2025

Mälim bolşy ýaly, geçen ýekşenbe gününde ýurdumyzda Hasyl toýy uly dabaralara beslenip bellenilip geçildi. Hasyl toýunyň öňüsyrasynda — 8-nji noýabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça şu ýylda iň ýokary görkezijileri gazanan oba hojalyk pudagynyň öňdebaryjylaryny sylaglamak dabarasy geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Permanyna laýyklykda, olara «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, şeýle hem gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Ata-babalarymyz ýere ideg etmegiň, ondan bol hasyl almagyň ajaýyp tejribesini miras goýupdyrlar. Muny ýaş nesillerimizi zähmetsöýer edip ýetişdirmekde ähmiýetli bolan «Bahardaky hereket, güýzki bereket», «Baýlygyň enesi — ýer, atasy — zähmet», «Bir batman altynyň bolandan, bir daban ýeriň bolsun» ýaly nakyllar arkaly-da delillendirmek bolar. Milli daýhançylyk däplerimiz häzirki wagtda täzeçe röwüşde dowam etdirilýär. Ömür örküni ene ýere baglap, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge önjeýli goşant goşýan adamlar şeýle hormata mynasyp.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda azyklyk bugdaýyň hem-de “ak altynyň” bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Daýhanlaryň netijeli zähmet çekmegi, ene toprakdan ýokary hasyl almagy üçin döwletimiz tarapyndan ähli zerur şertler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, oba hojalyk işgärleri uly üstünlikleri gazanýarlar. Şunuň bilen baglylykda, şanly ýylda edermen gallaçy daýhanlaryň Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny, pileçileriň bolsa 2 müň 100 tonnadan gowrak pile öndürendiklerini bellemek gerek. Şoňa görä-de, edermen daýhanlarymyza döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň ösmegine mynasyp goşant goşýan öňdebaryjy kärendeçileriň, mehanizatorlaryň, alym-agronomlaryň, seçgiçileriň we beýleki hünärmenleriň hormatynyň hemişe belentdediginiň aýdyň güwäsidir.

Hasyl toýy zähmetkeş halkyň bütin ýylyň dowamynda çeken zähmetiniň dabaralanmasydyr. Onuň döwlet derejesinde giňden bellenilmegi kärendeçileriň halal zähmetine goýulýan belent sarpanyň nyşanydyr.

Ogulşat ÝAZGYLYJOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
azady THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Döwletmämmet Azadynyň edebi mirasy

parahat bilim gun halkara THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Parahatçylyk we ösüş üçin bütindünýä ylymlar güni

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop