matematikaa THE ASHGABAT TIMES

Halkara matematiki adalgalar

12.11.2025

Abssissa – «abscissus» diýen latyn sözünden gelip çykyp, «kesilen», «kesilip alnan» diýmegi aňladýar. Bu adalgany nemes alymy, differensial we integral hasaplamalary esaslandyryjy G.W.Leýbnis (1646-1716) 1665-nji ýylda ilkinji gezek ulanypdyr.

Aksioma – «ahioma» diýen grek sözünden gelip çykyp, «ykrar edilen düzgün», «şübhe döretmeýän tassyklama» diýmegi aňladýar. Bu adalgany irki döwürde Aristotel (384-322 b.e.ç) hem ulanypdyr. Biziň eramyzdan öň üçünji asyrda ýaşan Ýewklid özüniň «Başlangyçlar» diýen eserinde aksiomalary ulanyp geometriýany aksiomatik esasda gurmaga synanşypdyr. Ýewklid aksiomalarynyň käbirine postulatlar hem diýipdir. Ýewklidiň 5-nji postulatynda «göni çyzygyň üstünde ýatmaýan nokat arkaly şol göni çyzyga parallel bolan bir we diňe bir göni çyzyk geçirip bolar» diýilýär. Matematikler 5-nji postulaty subut etmäge synanşypdyrlar, emma bu synanşyklar şowsuz tamamlanypdyr. XIX asyrda bu postulatyň aksiomadygy anyklanyldy.

Algebra. Bu söz IX asyrda ýaşan Merkezi Aziýanyň beýik alymy Al-Horezminiň «Aljebr we almukabala» atly kitabynyň adyndan gelip çykandyr. Bu kitap arap dilinden latyn diline terjime edilende «almukabala» sözi galdyrylyp, diňe “aljebr” sözi ýazylypdyr. «Aljebr» sözi bolsa wagtyň geçmegi bilen «Algebra» sözüne öwrülipdir. Aljebr diýlip goşulyjyny deňligiň bir böleginden beýleki bölegine geçirmeklige düşünilýär. «Algebra» sözi türkmen diline rus dilinden , rus diline polýak dilinden, polýak diline nemes dilinden, nemes diline bolsa araplaryň «Aljebr» sözünden geçendir.

Algoritm. Bu söz Al-Horezminiň latynça «Algorithmus» görnüşde ýazylan adyndan gelip çykandyr. Algoritm-bu meseläniň käbir toplumyny çözmäge ýardam edýän we belli bir tertipde ýazylýan amallaryň doly yzygiderliligidir.

Analiz – grek sözi bolup, «derňew geçirme», «bölüşdirme» diýmegi aňladýar. Gadymy grek taryhçylary analiz etmek usuly Platona degişli diýip hasaplapdyrlar. Ýewklidiň «Başlangyçlarynda» «analiz», «sintez», sözleri gabat gelýär. Analiz adalgasyny häzirki zaman matematikasyna Wiýet girizipdir.

Apofema – «apotithemi» diýen grek sözi bolup, «tarapa geçirilen» diýmekdir.

Argument – latyn «argumentum» sözi bolup, «belgi», «nyşan» diýmekdir. Funksiýanyň argumenti diýen aňlatmany ilkinji gezek 1862-nji ýylda K.Neýman ulanypdyr.

Arifmetika – grek «arithmos» sözi bolup, san diýmegi aňladýar. Ark. Latyn arcus (duga) sözüniň gysgaldylan görnüşidir.

Asimptota – grek sözi bolup, «gabat gelmeýär», «goşulmaýan» diýen manylary berýär. Bu söz Apolloniniň işlerinde gabat gelýär, şonuň üçin hem bu adalga şoňa degişli edilendir. Algebraik egri çyzyklaryň asimptotalaryny tapmaklygyň häzirki zaman usulyny Koşi (1826) oýlap tapypdyr.

Eneş HEMRAÝEWA,
Döwletli etrabynyň 31-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
bitarap taze THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Abadançylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna

bag ekmek 25 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Tebigat gözel – Watan gözel

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop