Dark
Light
25.01.2026
parahat bilim gun halkara THE ASHGABAT TIMES

Parahatçylyk we ösüş üçin bütindünýä ylymlar güni

11.11.2025

Ýurduň parahatçylygyny we ösüşini üpjün etmekde ylmyň ähmiýeti örän uludyr. Kämil ylma eýe bolan jemgyýet hemişe asuda, parahat ýaşaýar. Bu  jemgyýet elmydama ösüşiň belent basgançaklaryna tarap hemişe öňe gidýär. Ylmyň bar ýerinde hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklar höküm sürýär. Çünki ylym – halkara gatnaşyklarynyň ösüş guraly. Ylmyň kämilleşmegi bilen jemgyýet hem kämilleşýär.

Halkara giňişliginde 10-njy noýabr «Parahatçylyk we ösüş üçin bütindünýä ylymlar güni» hökmünde yglan edilip, her ýyl bu baýramçylyk uly dabara bilen bellenilip geçirilýär. Bu bolsa adamzadyň durmuşynda ylmyň zerurlygyny artdyrmakda köpçüligiň ünsüni özüne çekmek bilen, onuň bütin dünýäde tutýan ornunyň ýokarydygyny görkezýär. Bu halkara gününiň bellenilmeginiň esasy maksady ylmy we tehnologiki ösüşleri jemgyýetiň peýdasyna gönükdirmek, şeýle hem parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine ulanmak bilen bir hatarda parahatçylyk we ösüş ugrundaky milli we halkara borçnamalaryň ähmiýetini düşündirmekden ybarat bolup durýar.

Bütindünýä ylymlar güni bilen baglanyşykly her ýurtda dürli çäreler guralýar. Ony durmuşa geçirmek boýunça 1999-njy ýylda Budapeştde geçirilen Bütindünýä ylymlar maslahatynda ylym bilen jemgyýetiň arasynda has ýakyn gatnaşyklaryň zerurlygy beýan edilýär. Şol ýyldaky konferensiýanyň meýilnamasyna laýyklykda ÝUNESKO resmi taýdan Bütindünýä ylymlar gününi döretdi we 2001-nji ýylda geçirilen umumy maslahatda bellenilmeginiň zerurlygy yglan edildi. Bu gün ilkinji gezek 2002-nji ýylyň 10-njy noýabrynda bellenildi we şol ýyldan  bäri bütin dünýäde giňden bellenilip gelinýär. Bu babatda ÝUNESKO her ýyl döwlet guramalary, ylym we bilim toparlary bilen Bütindünýä ylymlar gününiň manysy barada bilim ýaýratmak üçin köp işleri alyp barýar.

Arslan BERDIÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

dayhan sarpa THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Edermen daýhanlarymyza sarpa

img 20251110 180628 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bagy-bossanlydyr bakja-bagymyz!

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop