diplomatiyaaa THE ASHGABAT TIMES

Dünýäde köpdillilik – parahatçylygyň we dostlugyň nyşany

14.11.2025

Häzirki döwürde dünýäde ykdysady, syýasy we medeni gatnaşyklarynyň çäkleri giňeýär. Dürli halklaryň, döwletleriň arasynda düşünişmegiň we hyzmatdaşlygyň has-da berkemegi üçin dilleriň orny örän uludyr. Hut şonuň üçinem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “Halkara gatnaşyklarynda köpdilliligi goldamak baradaky Kararnama” dünýä jemgyýetçiliginiň ösüş ýolunda möhüm ädimleriň biri bolup durýar. Bu Kararnamanyň esasy maksady — döwletleriň we halklaryň arasynda özara düşünişmegi, medeni dürlüligi we hormaty pugtalandyrmakdyr. BMG-niň düzümindäki ähli ýurtlar tarapyndan goldanylýan bu başlangyç halklaryň diline, medeniýetine we taryhy mirasyna hormat goýmak ýörelgesine esaslanýar.

Dil — halkyň milli keşbini, aň-düşünjesini, ruhy dünýäsini we milli aýratynlygyny görkezýän gymmatlykdyr. Dilleriň köpdürlüligi — bu adamzadyň medeni baýlygynyň esasy sütüni. Köpdillilik jemgyýetde deňhukuklylygy, açyk gatnaşygy we dost-doganlygy ösdürýär. Dürli dillerde gepleýän adamlaryň arasyndaky aragatnaşyk giňeldikçe, olaryň arasynda parahatçylyk, ynam we dostluk güýçlenýär.
Şeýlelikde, BMG-niň Kararnamasy diňe bir dilleriň jemgyýetdäki ornuna ünsi çekmän, eýsem halkara gatnaşyklarda medeni dürlüligi goramagyň hem möhüm binýadyny düzýär.

Türkmenistan — dostlukly, ynsanperwer we parahatçylyk söýüji syýasaty bilen tanalýan döwletleriň biridir. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda dil we medeniýet babatda giň möçberli döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» tassyklandy. Bu resminamada bilim hyzmatlarynyň görnüşleriniň kämilleşdirilmelidigi, ýaşlary durmuşa taýýarlamak, durmuşda zerur bolan hünärlere gönükdirmek baradaky wezipeler, esasan-da, okuwçylaryň maglumat tehnologiýasy hem-de daşary ýurt dillerini oňat bilmelidigi hakynda wezipeler bellenilýär. Ýokary okuw jaýlarynda we mekdeplerde köp dilli bilim beriş ulgamy üstünlikli ösdürilýär. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda» ýurdumyzyň dünýä giňişligine aralaşmagy, sebitde, halkara derejesinde syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwer gatnaşyklarynda öňdebaryjy orny eýelemekde kämil bilimiň möhümdigi hakynda aýdylýar. 

Soňky ýyllarda Türkmenistanda köpdillilik metbugat giňişliginde hem giňden ornaşdy. Döwlet habar beriş serişdeleri — “Türkmenistan” gazetiniň, “Neutral Turkmenistan” gazetiň, şeýle-de telewideniýe we radioýaýlymlaryň birnäçe gepleşikleri dürli dillerde taýýarlanylýar. Bu ýagdaý ýurdumyzyň daşary ýurtlar bilen maglumat alyş-çalyşyny berkitmek bilen birlikde, halkara arenada ýurdumyzyň abraýyny hem has-da ýokarlandyrýar.

Internet giňişliginde türkmen dilindäki saýtlaryň, elektron gazet-žurnallaryň sany ýylsaýyn artýar. Şeýle-de halkara maglumat agentlikleri bilen hyzmatdaşlygyň giňelmegi bilen, türkmen habar serişdeleri dürli dillerde maglumatlary dünýä jemgyýetçiligine ýetirmäge mümkinçilik alýar. Dünýä jemgyýetçiliginde köpdillilige hormat goýmak, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ädimdir. Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty hem hut şu ýörelgä esaslanýar. BMG-niň Kararnamasynyň maksatlaryny durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň alyp barýan işleri halkara derejede ýokary baha mynasyp bolýar. Türkmen halkynyň beýleki halklar bilen aragatnaşykda parahatçylygy, dostlugy we ynsanperwerligi öňe sürmegi bu ugurda nusgalyk tejribe hökmünde görkezilýär.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Halkara gatnaşyklarynda köpdilliligi goldamak baradaky Kararnamasy” dünýä halklarynyň arasynda dost-doganlygy, özara hormaty we medeni dürlüligi berkitmegiň möhüm hukuk binýadydyr. Türkmenistan bu Kararnamanyň maksatlaryna doly laýyklykda, içerki hem halkara derejede dilleriň we medeniýetleriň baýlaşmagyna gönükdirilen işleri üstünlikli amala aşyrýar.
Türkmen halky öz milli diline, medeni mirasyna uly hormat bilen garamak bilen birlikde, dünýäniň beýleki halklarynyň dillerine hem hormat goýýar. Bu bolsa döwletimiziň halkara gatnaşyklarynda ynsanperwer, dostlukly we parahatçylyk söýüji syýasatynyň aýdyň beýanydyr. Köpdillilik — dünýä halklarynyň biri-birine düşünişmeginiň, parahatçylygyň hem-de ösüşiň esasy binýadydyr. Şonuň üçin hem her bir halk, her bir döwlet dilleriň dürli-dürlüligini gorap, ony geljekki nesillere ýetirmek ugrunda jogapkärli we bilelikdäki işi dowam etdirmelidir.

Watanymyzyň röwşen geljegi üçin, halkymyzyň asuda, eşretli, parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli, dünýä nusgalyk işleri rowaçlyklara beslensin!

Aýna SÄTGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Dünýä dilleri kafedrasynyň uly mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
terbiyeli THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Edep – ynsan bezegi

asgabat saher THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Jan Watanym Türkmenistan!

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop