Parahatçylyk — ynsan ömürleriniň, nesilleriň geljeginiň ygtybarly goragy. Parahatçylyk — gülläp ösüş. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk ýörelgeleri esasynda alyp barýan syýasaty dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýar. Şu jähetden, 2025-nji ýylyň dünýäde hem-de Türkmenistanda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi aýratyn ähmiýete eýedir.
Ynsanyýet ömrüniň dowamynda beýik maksatlara ýetmek üçin dyngysyz gözlegde, hereketde bolýar. Beýik maksatly ynsanyň arzuw-umytlaryny amala aşyrmagyň iň uly güýji — asudalyk we parahatlyk. Şu nukdaýnazardan, bu gün hemişelik Bitaraplygymyzyň ählumumy parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmakdaky ähmiýetine uly gyzyklanma bildirilýär. Milli diplomatiýamyzda gazanylan üstünlikler bolsa nusga alarlykdyr.
Parahatçylyk taglymlary hakda oýa çümeniňde, ozaly bilen, dünýäde ykrar edilen Milli Liderimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» kitaby, «Ýaşasyn parahat durmuş!», «Dowam bolsun!» «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» goşgulary hakydaňa dolýar. Bu kämil eserler biziň şu günki Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli berk syýasatyny açyp görkezýär.
Mälim bolşy ýaly, şu ýyl ýurdumyz Bitaraplyk hukuk derejesiniň 30 ýyllyk taryhy senesini çawy dünýä doljak dürli derejeli dabaralar arkaly giňden belläp geçer. Şanly senäniň hormatyna 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyryldy. Agzybir halkymyzyň ýürek arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen bu taryhy çözgüt taýýarlanylanda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusyna esaslanylmagy her birimiziň buýsançly başymyzy has-da belende göterýär. Sebäbi, munuň özi ýubileý ýylyň şygarynda hem-de nyşanynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň, abadançylygynyň şöhlelenmegini, okgunly ösüşlerimiziň, ynsanperwer içeri we daşary syýasatymyzyň öz mynasyp beýanyny tapmagyny üpjün etdi.
Ata Watanymyzyň halkara abraýyny barha pugtalandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, döwletli işleri mundan beýläk-de rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!
Akmyrat JUMANYÝAZOW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň matematika mugallymy.