Dark
Light
25.01.2026
asgabat saher THE ASHGABAT TIMES

Jan Watanym Türkmenistan!

14.11.2025

Taryhy tejribeler, milli ýörelgeler şeýle bir hakykaty äşgär edýär: Watany söýmek, onuň ösüş-özgerişlerine öz goşandyňy goşmak manyly ömrüň mertebe mekdebidir, nusgalyk göreldedir. Ömrüň manysy edilen işler bilen ölçense, şol beýik işleriň maksady Watana bolan söýgüden gözbaş alýar. Kämil nesilleri ýetişdirmek, ylym-bilim almak, hünär öwrenmek ýaly birnäçe peýdaly amallar biziň Watana, il-güne söýgimiziň durmuşdaky aýdyň ýüze çykmasydyr.

Sözümiziň başynda uly üstünliklere beslenip geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň eden taryhy çykyşyndan şu dürdäne jümleleri ýatlamagy makul bildik: «Dünýäde şeýle bir mukaddes gymmatlyk bar. Oňa «Watan» diýilýär. Watana bolan söýgi ynsan üçin iň beýik söýgüdir. Mukaddes söýgüdir. Watana bolan söýgi ynsanyň tutuş ömrüni bezeýär. Ynsan üçin Watandan beýik mukaddeslik, Watandan beýik gymmatlyk ýokdur. Bagtly bolmak üçin Watany söýmek gerek. Edebiň ýagşysy hem Watany söýmekdir. Çünki Watany söýmek — bu  Watanyň asudalygy, gülläp ösüşi üçin zähmet çekmekdir, yhlas etmekdir. Şoňa görä­-de, Watana, halka hyzmat edip, sylag­hormata mynasyp bolmak her bir ynsan üçin mukaddes borçdur, belent mertebedir. Sebäbi kim Watanyny depesine täç eýlese, Watany hem ony başyna täç eýlär».

Juda jaýdar aýdylan jümleler! Çünki watançylyk terbiýesi halkymyzyň zandyna ornandyr. Diýarymyzyň parahatçylygy, raýatlaryň asuda ýaşaýşy ugrunda durmuşa geçirilýän ägirt uly işler Milli Liderimiziň hem-de döwlet Baştutanymyzyň  Watan söýgüsiniň doly suratda şöhlelenmesidir. Bu ugurda alnyp barylýan işleri sanasaň, sogaby kän. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilmegi, dünýä döwletleri bilen parahatçylyk söýüjilige, dost-doganlyga, özara bähbitli hyzmatdaşlyga gönükdirilen gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagy aýdanlarymyzyň üstüni ýetirýär.

Adamy adam edýän onuň adamkärçiligi, asylly häsiýetleri bilen birlikde, watançylyk terbiýesidir. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ylmy-filosofik kitabynda şeýle diýýär: «Kämil şahsyýet bolup ýetişmekde, adamzada mahsus bolan duýgynyň ilkinjisi ata Watana, ene topraga bolan söýgüdir. Watansöýüjiligiň ýüze çykmasy halal zähmetiň bilen Watanyň şan-şöhratyna mynasyp goşant goşmakdadyr». Şonuň üçin hem Milli Liderimiz watançylyk terbiýesine aýratyn üns berip, ony on iki terbiýäniň iň başynda goýýar.

Ýaş nesiller üçin uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Gözel RAHMANOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň pedagogika fakultetiniň başlangyç bilim mugallymçylygy we psihologiýasy hünäriniň 101-nji toparynyň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

diplomatiyaaa THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Dünýäde köpdillilik – parahatçylygyň we dostlugyň nyşany

sport seslenme THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Sport – ýaşlaryň endigi

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop