Hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde eden çykyşynda: «Türkmenistan şu gezekki sessiýanyň dowamynda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş prosesini üpjün etmek hem-de pugtalandyrmak işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamanyň taslamasyna seretmegi teklip eder» diýip, adamzadyň öňünde duran meseleleri çözmekde bitaraplygyň, şol sanda türkmen Bitaraplygynyň paýhas esaslarynyň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşmagyň wajypdygyny aýtdy.
Häzirki döwürde döwletleriň dünýä syýasatynda özara ylalaşykly hereket etmekleriniň ýeke-täk şerti milli we umumadamzat bähbitlerini sazlap, birek-biregiň durmuş zerurlyklaryny adalatly hasaba almaklary bilen bagly bolýar. Şu pähimden ugur alyp, alym Arkadagymyz özüniň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly eserinde umumadamzat derejesinde «hususy» halas boluş pikiriniň ýol almajakdygyny belleýär. Onda «milli bähbitler ähli zatdan ileri» diýip alnyp barylýan syýasat hem adamzat ösüşiniň şu günki ynsanperwer ýörelgeleri we kadalary bilen bir ýere sygmaýar. Elbetde, islendik döwlet işgäri, ilki bilen, öz halkynyň abadan ýaşamagy barada alada etmelidir. Şonuň bilen birlikde, ol öz halkynyň bütin adamzat bilen bitewüligine düşünmelidir. Şoňa görä-de, milli bähbitler bütin dünýäde şol meseleleriň çözülişi bilen ugurdaşlykda, dünýä bileleşiginiň isleglerine laýyklykda we barabarlykda goralmalydyr.
Gahryman Arkadagymyz «Ählumumy derejede pikirlenmek, belli bir ýeriň zerurlyklaryna görä hereket etmek» diýen ýörelgäni öňe sürýär. Türkmen Bitaraplygy esasynda geçen döwürde bitirilen işler barada pikir edilende, hut şu jümleden gelip çykýan, milli we umumadamzat bähbitlerini sazlaşdyrýan täsirli, paýhasly ýörelgeleriň öňe sürlendigini bellemeli. Olar «Ösüş arkaly parahatçylyk», «Halka daýanyp, halkyň hatyrasyna», «Parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk», «Dialog — parahatçylygyň kepili». Şu ýörelgeleri amal etmek bilen baglanyşyklylykda, biziň Bitaraplyk hukuk derejämize esaslanyp eden we edýän işlerimiz dünýäde «Türkmen Bitaraplygy» diýen fenomeni döretdi.
Jemläp aýdylanda, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy bellenilýän şanly ýylda Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy hem-de sebitara hyzmatdaşlyk esasynda durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary, olar bilen bagly öňe sürlen wezipeler dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň döredijilikli ýollaryny kesgitläp, adamzady şu ýola girişmäge, birek-birege ynanyşmaga, ysnyşykly ýaşamaga çagyrýar. Şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek uly halkara forumda bu babatdaky meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylyp, türkmen Bitaraplygynyň başlangyçlarynyň ösdüriljekdigine we berkidiljekdigine pugta ynanýarys.
Döwlet JORAÝEW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Içerki goşunlar fakultetiniň Taktiki we terbiýeçilik taýýarlygy kafedrasynyň mugallymy, maýor.