2025-nji ýylyň 13-14-nji noýabrynda BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen bilelikde jemgyýetçilik kadalarynyň we stereotipleriň gender deňligini ilerletmäge ýetirýän täsiri hem-de olaryň aýal-gyzlara garşy zorlugyň ýüze çykmagyna täsirini ara alyp maslahatlaşmak boýunça konsultatiw duşuşygyny geçirdi.
Çäre Aýallar babatda kemsitmäniň ähli görnüşlerini ýok etmek boýunça Komitetiň Türkmenistanyň altynjy döwürleýin hasabaty boýunça beren Jemleýji belliklerini ýerine ýetirmek boýunça “Ýol kartasynyň” çäklerinde gurnaldy. Duşuşygy UNFPA-nyň halkara geňeşçisi hanym Malin Palm alyp bardy.

Duşuşyga ýurduň esasy ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Olar jemgyýetçilik kadalarynyň we stereotipleriň bilim, saglygy goraýyş, aýallaryň we erkekleriň mümkinçiliklerini giňeltmek, howpsuzlygy üpjün etmek we maşgalany pugtalandyrmak ýaly ugurlar boýunça gender deňligine ýetirýän täsirini, şeýle hem jemgyýetçilik kadalarynyň gender zorlugynyň ýüze çykmagyna täsirini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň netijeleri boýunça geçirilen seljerme, UNFPA-nyň geljekde gender deňligini ilerletmek we Türkmenistanda aýal-gyzlar üçin mümkinçilikleri giňeltmek maksady bilen maksatnamalaýyn aralaşmak üçin ileri tutulýan ugurlary kesgitlemäge ýardam berer. Duşuşygyň jemi boýunça gazanylan netijeler UNFPA-nyň geljekde Türkmenistanda gender deňligini we aýal-gyzleryň mümkinçiliklerini ilertlemek boýunça maksatnamalaýyn işleriniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge ýardam berer.
***
Hanym Malin Palm gender deňligi, jemgyýetçilik kadalary we gender zorlugynyň öňüni almak meselelerine ýöriteleşen 20 ýyldan gowrak tejribesi bolan bilermen. Hanym Palm jemgyýetçilik ylymlary boýunça magistr derejesine we döwlet edaralarynda işlemek hem-de halkara guramalary, şol sanda ÝHHG, BMG-Aýallar we Halkara Maşgala Meýilnamasy Federasiýasy (IPPF) bilen hyzmatdaşlyk etmekde uly tejribä eýe. Onuň tejribeleri maksatnamalary meýilleşdirmegi, taslamalary bahalandyrmagy, şeýle hem gender zorlugy, “abraý” bilen baglanyşykly zorluk we medeniýetara aragatnaşyk boýunça okuwlary geçirmegi, şol sanda Skone Polisiýa Bölüminde (Şwesiýa) degişli işleri alyp barmagy öz içine alýar.
«THE ASHGABAT TIMES».