Dark
Light
29.01.2026
rrrr THE ASHGABAT TIMES

OBA HOJALYK PUDAGY AZYK BOLÇULYGYNYŇ KEPILI

15.11.2025

Tehnikanyň we ylmyň gazananlarynyň, öňdebaryjy tejribäniň, daýhanlaryň zähmetini goldamagyň hem-de höweslendirmegiň netijeli ulgamynyň yzygiderli ornaşdyrylmagy ýer eýelerini täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar. Türkmenistanyň häzirki döwürde diňe bir bugdaý hasylyny ýetişdirmek bilen çäklenmän, eýsem, ony gaýtadan işläp, ilaty ýokary hilli un we çörek önümleri bilen hem üpjün edýändigini bellemek gerek. Döwletimiz ýetişdirilen azyklyk dänäniň artykmaç mukdaryny eksport etmek mümkinçiligine eýe boldy. Munuň özi döwletimiziň okgunly ösüşinde aýratyn ähmiýetlidir.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatyna laýyklykda, döwrebap obasenagat düzümlerini döretmäge uly maýa goýumlary gönükdirilýär. Bu bolsa sebitleri toplumlaýyn ösdürmäge, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge ýardam edýär.
Ilaty et-süýt, ýumurtga we beýleki maldarçylyk önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek, pudaga hususy önüm öndürijileri giňden çekmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda iri maldarçylyk we guşçulyk toplumlary yzygiderli işe girizilýär hem-de olaryň ot-iým bilen üpjünçiligini gowulandyrmak üçin ekerançylyk ýerleri bölünip berilýär. Ýokary öndürijilikli, dünýä ölçeglerine gabat gelýän oba hojalyk tehnikalarynyň, gurallarynyň sanynyň we görnüşleriniň artmagy, işleriň hiliniň gowulandyrylmagy ekin meýdanlarynyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, bol hasyl almak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek üçin giň mümkinçilikleri döredilýär.
Oba hojalyk pudagynyň suw bilen doly üpjün edilmegi hem möhüm wezipe bolup durýar. Döwletimiz ýurdumyzda suwuň goşmaça gorlaryny döretmek, ekin meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, akabalaryň, suwaryş hem-de lagym ulgamlarynyň geçirijilik kuwwatyny artdyrmak, döwrebap oba hojalyk tehnikalaryny we läbik sorujy enjamlary satyn almak üçin iri maýa goýumlary bölünip berilýär.
Şonuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň suwarymly ýerlerinden çykýan zeý suwlaryny ýygnamak üçin niýetlenilen «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşygynyň taslamasy aýratyn ähmiýete eýedir. Eger-de ozallar şu suwlar Amyderýa hem-de öri meýdanlarynyň suwa basdyrylmagyna getirýän Garagum sährasyna akdyrylýan bolsa, indi Türkmenistan sebitde ilkinji bolup şeýle usuldan saklanyp, daşky gurşawa aýawly çemeleşmegiň aýdyň nusgasyny görkezýär.

Alijan ABDYÝEW

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

ff THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ak mermerli Aşgabat

daskent forum s THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Merkezi Aziýa: sebitiň ösüşi tagallalaryň birliginde

Soňkylar Makalalar

Çagalary bilime höweslendirmegiň usulyýetinde

28.01.2026
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanylan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň pedagogik we usuly wezipelerini durmuşa

Bilim belentliginiň täze basgançaklaryna tarap

27.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda okatmagyň usullary barha döwrebaplaşdyrylýar. Bu ugurda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla

Kitaplar – köňül baýlygy

26.01.2026
Medeniýeti ösdürmekde kitaba, kitaphanaçylyk işine möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň kitaplary bolsa ýaşlar, asyl, tutuş halkymyz üçin watansöýüjilik mekdebi bolup durýar. Milli

Sport – Sagdynlygyň we Dostlugyň Belent Ganaty

26.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany” diýlip yglan edilen ýylyň ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzyň

Bedew ruhy – ösüşleriň badalgasy

26.01.2026
Berkarar Watanymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy beýik galkynyşlarymyzy dünýä ýaýyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmelerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň dowamat-dowam bolmagyna täze badalga, ruhy
GitTop