daskent gul THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Prezidenti Daşkentdäki «Garaşsyzlyk» ýadygärligine gül goýdy

17.11.2025

Şu gün Özbegistan Respublikasynda döwlet saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow saparynyň ikinji gününiň maksatnamasyny «Ýangi Uzbekiston» seýilgähinde «Garaşsyzlyk» ýadygärligine gül goýmakdan başlady. Bu ýerde guralan dabara Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary hem gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň internet sahypasynda habar berilýär.

Mälim bolşy ýaly, «Garaşsyzlyk» ýadygärligi Özbegistanyň, onuň edermen we gaýduwsyz, parahatçylyk söýüji, zähmetsöýer halkynyň şanyna dikeldildi. Heýkel kompozisiýasynyň ýokarsynda parahatçylygy, azatlygy, hoşniýetliligi hem-de abadançylygy alamatlandyrýan, buýsançly ganatlaryny ýaýyp duran humaý guşunyň keşbi ýerleşdirilipdir. Onuň eteginde «Halkymyzyň taryhynda öçmejek yz galdyran ata-babalarymyzyň müdimilik hakydasyna» diýen sözler ýazylypdyr. Ýokardan seretseň, seýilgähiň görnüşi ägirt uly daragty ýatladýar. Şondan bäş şaha uzalyp gidýär. Munuň özi Hereketleriň strategiýasynyň ileri tutulýan bäş ugruny alamatlandyrýar.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
daskent forum 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy

yaslar haabr bas THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Zehinli ýaşlara Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy gowşuryldy

Soňkylar Habar

GitTop