hasyl pagta THE ASHGABAT TIMES

Hasyl toýy – bütin halkyň toýy

10.11.2025

Türkmen topragy — rysgal-döwletli toprak. Her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde uludan bellenilýän Hasyl toýy bolsa sahawatly topragymyzyň hasyllylygyny, saçaklarymyzyň berekedini, egsilmez rysgaly alamatlandyrýar. Hasyl toýy — bütin halkyň toýy. Bu baýramy ähli oba hojalykçylarymyz uly zähmet ýeňişleri bilen garşylaýar.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda azyklyk bugdaýyň hem-de “ak altynyň” bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Daýhanlaryň netijeli zähmet çekmegi, ene toprakdan ýokary hasyl almagy üçin döwletimiz tarapyndan ähli zerur şertler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, oba hojalyk işgärleri uly üstünlikleri gazanýarlar. Şunuň bilen baglylykda, şanly ýylda edermen gallaçy daýhanlaryň Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny, pileçileriň bolsa 2 müň 100 tonnadan gowrak pile öndürendiklerini bellemek gerek. Munuň özi oba hojalyk toplumyny özgertmek boýunça Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň oňyn netijelere beslenýändigini görkezýär.

Soňky ýyllarda oba hojalyk pudagyny ösdürmek, onuň guramaçylyk düzümini kämilleşdirmek boýunça uly işler durmuşa geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň Kararlaryna laýyklykda, oba hojalyk toplumyny ulgamlaýyn dolandyrmak we onuň işini kämilleşdirmek maksady bilen, Däneçilik, Ekerançylyk, Pagtaçylyk ylmy-barlag institutlary döredildi. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň, pagtanyň we şalynyň döwlet satyn alyş nyrhlary ýokarlandyryldy. Daýhan birleşikleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Daýhan birleşiklerine we hojalyklaryna, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine, kärendeçilere ýeňillikli şertlerde bank karzlary berilýär.

Golaýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän hem-de Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän täze toplumlaryň gurluşygyna badalga berildi. Bu toplumlar ýene sanlyja ýyldan ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijileriniň mineral dökünler bilen üpjünçilik derejesini ýokarlandyryp, azyk bolçulygynyň we onuň eksport kuwwatynyň has-da pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşar.

Jemläp aýdanyňda, gadymy ekerançylyk medeniýetiniň ýurdy hökmünde tanalýan Türkmenistanda häzirki wagtda oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi täze many-mazmuna eýe bolýar. Ýurdumyzda türkmen ekerançylarynyň zehinini we zähmetsöýerligini, mähriban topragymyzyň egsilmez sahawatyny alamatlandyrýan Hasyl toýunyň giňden bellenilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Gadam SEÝLIÝEW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň pedagogika fakultetiniň başlangyç bilim mugallymçylygy we psihologiýasy hünäriniň 404-nji toparynyň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
2:53 am, Dec 6, 2025
temperature icon 8°C
пасмурно
Humidity 66 %
Pressure 1026 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:08 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
voshod v lesu THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Agaçlar hem gürleşýärmi?

caga oyun 22 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Nesil terbiýesi üns merkezinde

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop