fut tay THE ASHGABAT TIMES

Hytaý Taýpeýiniň milli ýygyndy toparyndan üstün çykdy

19.11.2025

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogy-2027-niň saýlama oýunlarynyň çäginde Hytaý Taýpeýiniň milli ýygyndy topary bilen duşuşyp, garşydaşyndan 3:1 hasabynda üstün çykdy. Şeýlelikde, Aziýa Kubogyna bir ädim galdy.

«D» toparçanyň çäginde Arkadag şäheriniň 10 müň orunlyk stadionynda geçirilen duşuşykda ýygyndy toparymyz ilkinji minutlardan hüjüm futboluny öňe sürdi. Ýygyndy toparymyzyň düzüminde Rahman Myratberdiýew (13-nji minut), Elman Tagaýew (53-nji minut) hem-de Meýlis Diniýew (78-nji minut) dagy tapawutlanmagy başardylar. 

Türkmenistanyň milli ýygyndy topary nobatdaky, aýgytly duşuşygyny myhmançylykda Tailandyň milli ýygyndysy bilen geçirer. 2026-njy ýylyň 31-nji martynda geçiriljek bu duşuşykda ýygyndy toparymyza toparçadan çykmak üçin deňme-deň oýnamagyň hem ýeterlikdigini bellemek gerek. Saýlama oýunlaryň çäginde 6 toparçanyň ýeňijileri Saud Arabystanynda geçiriljek Aziýa-2027 Kubogynyň jemleýji tapgyryna gatnaşmak üçin ýollanma alarlar.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
7:45 pm, Dec 5, 2025
temperature icon 10°C
пасмурно
Humidity 62 %
Pressure 1027 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:07 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
sport taz THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Sport – sagdynlygyň we ruhubelentligiň sakasy

kopet futzal THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Futzal boýunça Türkmenistanyň çempiony boldy

Soňkylar Habar

GitTop