emblem 25 english new THE ASHGABAT TIMES

Şanly ýylymyzyň şygaryndan ugur alyp…

20.11.2025

Häzirki wagtda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde birnäçe çäreler yzygiderli geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, şanly ýylyň şygarynyň many-mazmunyny, hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýetini ýaş nesillere giňişleýin düşündirmek, degişli wagyz-nesihat işlerini guramak boýunça ýurdumyzyň orta mekdeplerinde dürli mazmunly duşuşyklar yzygiderli geçirilip, olara Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlarydyr talyp ýaşlary hem işjeň gatnaşýarlar.

Mälim bolşy ýaly, 6-njy noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Milli Liderimiz şu ýylyň 12-nji dekabrynda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumynyň döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny dünýä ýaýmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyny aýdyp, şanly ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny mekdeplerde ýaş nesillere düşündirmegiň zerurdygyna, munuň olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde ähmiýetli boljakdygyna ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, umubilim berýän orta mekdeplerde Halkara parahatçylyk  we ynanyşmak ýylynyň şygarynyň many-mazmunyny düşündirmek boýunça wagyz-nesihat duşuşyklarynyň guralmagy möhüm ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň öňde goýan möhüm wezipelerini durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlarydyr we talyp ýaşlary hem paýtagtymyzdaky bilim ojaklarynda dürli mazmunly duşuşyklary geçirýärler.

Duşuşyklarda şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan parahatçylyk söýüjilik, agzybirlik, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgeleri, Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalaryna laýyklykda üç gezek ykrar edilmegi, geçen taryhy döwürde toplanan daşary syýasy we diplomatik tejribe, Bitaraplyk syýasatynyň milli bähbitlere, Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna doly laýyk gelýändigi dogrusynda giňişleýin gürrüň berilýär. Şeýle mazmunly duşuşyklar ýaş nesliň syýasy aň-düşünjesini artdyrmak bilen bir hatarda, olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde hem uly ähmiýete eýedir.

Sabina SETDAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
parahatcylyk ak kepderi THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine

ozbek sowda THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Serhetýaka söwda merkezi: iki doganlyk halkyň bähbidine

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop