dustlik ordeni THE ASHGABAT TIMES

Belent sylag – çuňňur hormatyň nyşany

19.11.2025

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygy hem-de hormatly Prezidentimiziň dostlukly ýurda döwlet sapary diňe bir sebitiň däl-de, eýsem, dünýä syýasatçylarynyň ünsüni özüne çekdi. Şeýle iri wakalaryň dowamynda hormatly Prezidentimiziň Özbegistanyň ýokary döwlet sylagy — «Ýokary derejeli dostluk» (Oliý Darajali Dustlik) ordeni bilen sylaglanylmagy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hoşniýetli diplomatiýasynyň bütin dünýäde dabaralanýandygynyň nyşanydyr.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew döwlet Baştutanymyza bu ýokary sylagy gowşuryp, däp bolan türkmen-özbek dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, strategik hyzmatdaşlygy berkitmekde hormatly Prezidentimiziň şahsy goşandyny belledi. Özbek Lideriniň gol çeken Permanyna laýyklykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky berk dostluk gatnaşyklaryny, hoşniýetli goňşuçylygy we strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, döwletara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmekde, söwdada, senagatda, ulag ulgamynda, energetikada, oba hojalygynda, ylymda, bilimde, sportda, ynsanperwer ulgamda köptaraply, uzak möhletli hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmekde bitiren ägirt uly taryhy hyzmatlary, doganlyk halklarymyzyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna, jebisleşmegine, gadymy taryhy, milli gymmatlyklary, däp-dessurlary aýawly saklamaga, medeniýet we sungat ugurlarynda gatnaşyklary ilerletmäge, ählumumy durnuklylygy, özara ynanyşmak ýagdaýyny, sebitde hyzmatdaşlygy we ylalaşyklylygy berkitmäge goşan ägirt uly goşandy üçin bu abraýly sylaga mynasyp boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu belent sylag üçin minnetdarlyk bildirip, ony Türkmenistana, türkmen halkyna hormatyň nyşany hökmünde kabul edýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň tagallalary esasynda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyk iki doganlyk döwletiň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýär hem-de Merkezi Aziýada parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy şerti bolup durýar. Häzirki döwürde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryna, taraplaryň milli bähbitlerine doly laýyk gelýän hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça alyp barýan işleri iki doganlyk halkyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna, köpasyrlyk dostlugyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.

Ýeri gelende, şu ýylyň aprelinde Özbegistana amala aşyran dostluk saparynyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň hem bu orden bilen sylaglanandygyny buýsançly bellemelidiris. Parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Mähriban BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
bitarap 30 yyl new THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bitaraplyk – ynamyň hem ylalaşygyň ýoly

tm ozbek THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Daşkent duşuşygy: dostluk, ynanyşmak, netijelilik

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop