Saud Halkara senetçilik hepdeliginiň üçünji tapgyry, ýagny «Banan» atly hepdelik, 2025-nji ýylyň 13-26-njy noýabry aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde Medeniýet ministri şazada Bader bin Abdullah bin Farhanyň howandarlygynda geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. Oňa 40-dan gowrak ýurtdan, şeýle hem 400-den gowrak ýerli senetçi gatnaşýar.
2025-nji ýyl Senetçilik ýylynyň çäklerinde geçirilýän bu çäre ýerli işewürlere mükinçilekleri döretmek, olaryň bazardaky ornuny ýokarlandyrmak we başarnyklaryndan peýdalanmak maksady öz içine alýar.
Bu ýyl senetçilik hepdeligine Türkmenistandan hem wekiliýet gatnaşýar. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň wekilleri elde dokalan haly önümlerini, kümüş şaý-seplerini we keramika önümlerini görkezýärler.
«THE ASHGABAT TIMES».