Türkmen tennisçileri Bahreýniň Isa şäherinde geçirilýän Dewisiň Kubogy ugrundaky zolaklaýyn ýaryşyna 19-njy noýabrynda Bruneýiň toparyny 3:0 hasabynda ýeňmek bilen başladylar.
Ildeşlerimiziň çykyş edýän Aziýa we Okeaniýa zolagynyň V toparynda dört toparça bölünen 14 topar, derejesini ýokarlandyrmak ugrunda göreşýär. Türkmenistanyň ýygyndy topary Bahreýniň, Bangladeşiň we Bruneýiň toparlary bilen «C» toparça düşdi. Beýleki toparçalaryň düzümi: «A» – Laos, Ýemen, Demirgazyk Mariana adalary; «B» – Guam, Mýanma, Mongoliýa; «D» – Birleşen Arap Emirlikleri, Makao, Maldiwler, Täjigistan.
Toparçalaryň ýeňijileri utulan-çykdy tapgyryna çykarlar, onuň iki ýeňijisi bolsa indiki ýyl Aziýa we Okeaniýa zolagynyň IV toparynda oýnamaga hukuk gazanar. Türkmen tennisçileriniň indiki garşydaşy Bahreýniň ýygyndy toparyndan 0:3 hasabynda ýeňlen Bangladeş topary bolar.
«THE ASHGABAT TIMES».