Sanly aragatnaşyk ulgamlarynyň jemgyýetde maglumat alyş-çalyşyny çaltlandyrmagdaky ähmiýeti häzirki zaman jemgyýetiniň ösüşinde aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. XXI asyr “maglumat asyry” hökmünde häsiýetlendirilýär, sebäbi jemgyýetiň ähli ugurlary maglumat tehnologiýalaryna, maglumatlaryň çalt we takyk alyş-çalyş edilmegine, aragatnaşyk ulgamynyň durnukly we ýokary tizlikli işlemegine bagly hale geldi. Sanly aragatnaşyk ulgamlary diňe bir maglumatlary geçirmek arkaly jemgyýetiň ösüşini üpjün etmän, eýsem ykdysadyýetiň, bilim ulgamynyň, saglygy goraýşyň, döwlet dolandyryşynyň we beýleki möhüm pudaklaryň netijeliligini artdyrýar. Şeýlelikde, sanly aragatnaşyk ulgamlarynyň maglumat alyş-çalyşyny çaltlandyrmagy diňe tehniki üstünlige däl, eýsem jemgyýetiň ähli görnüşleriniň ösüşine täsir edýän giň göwrümli fenomen hökmünde çykyş edýär.
Sanly aragatnaşyk ulgamlarynyň ilkinji we iň möhüm artykmaçlygy — maglumatlaryň iň gysga wagtyň içinde dürli nokatlara ýetirilmegidir. Analog ulgamlar bilen deňeşdirilende, sanly ulgamlarda maglumatlar san şekilinde kodlanýar, ähli maglumat akymy bitewi san formatda işlenilýär. Bu tehnologiýanyň esasy artykmaçlygy maglumatlaryň ýokary tizlikde geçirilmegi, üýtgemä sezewar bolmazlygy we giň ugurlar boýunça bir wagtda kabul edilip, iberilip bilnerligidir. Häzirki wagtda internet, mobil aragatnaşyk, optiki süýüm ulgamlary, wirtual platformalar we bulut tehnologiýalary maglumat alyş-çalyşygyň esasy çeşmeleri bolup durýarlar.
Jemgyýetde maglumat alyş-çalyşynyň çaltlanmagy ilkinji nobatda ykdysady ösüşe täsir edýär. Sanly aragatnaşyk ulgamlary dünýä bazary bilen aragatnaşygy güýçlendirip, kärhanalaryň dünýädäki maglumatlara çalt elýeterliligini üpjün edýär. Kärhanalar iş proseslerini optimizirlemek, önümçiligi dolandyrmak, üpjünçilik zynjyrlaryny tertipleşdirmek üçin uly göwrümli maglumatlary çalt işläp bilerler. Şeýlelikde, sanly aragatnaşyk ulgamlary netijeliligi ýokarlandyrýar, çykdajylary azaltýar we bazar mümkinçiliklerini giňeldýär. Elektron söwda ulgamynyň ösmegi hem hut sanly aragatnaşygyň çalt işlemegine baglydyr. Internet arkaly edilen söwda amallarynyň durnukly we tiz alnyp barylmagy jemgyýetiň ykdysady işjeňliginiň ýokarlanmagyna getirýär.
Sanly aragatnaşyk ulgamlarynyň jemgyýetde maglumat alyş-çalyşyny çaltlandyrmagyndaky ähmiýetiniň ikinji möhüm ugrynyň biri bilim ulgamyna degişli. Sanly tehnologiýalaryň ösmegi bilim bermegiň täze görnüşlerini – onlaýn okuwlary, sanly kitaphanalary, wirtual okuw platformalaryny we interaktiw bilim çeşmelerini ýüze çykardy. Munuň netijesinde okuwçylar we talyplar iň soňky maglumatlara, hünärmenleriň barlaglaryna, halkara çeşmelere çalt we ýeňil elýeterlilik gazanýar. Bu ýagdaý bilim bermegiň görnüşini giňeldýär, okuw prosesini takyklaşdyrýar we talyplaryň hünär taýdan ösüş düzgünlerini täzeden şekillendirýär. Şeýle hem bilim alyş-çalyşynyň çaltlanmagy mugallymlaryň maglumat üpjünçiligini güýçlendirýär, okuw programmalarynyň häzirki zaman talaplaryna laýyklykda täzeleşdirilmegine mümkinçilik berýär.
Saglygy goraýyş ulgamynda sanly aragatnaşyk ulgamlarynyň ähmiýeti has-da artdy. Telemedisina hyzmatlary, onlaýn maslahatlar, barlag maglumatlarynyň elektron görnüşde alyş-çalyşygy lukmanlaryň anyk diagnoz goýmagyna, wagtyň tygşyt edilmegine we bejergi prosesiniň has tizleşmegine getirýär. Lukmançylyk maglumatlarynyň çalt alyş-çalyşygy näsaglaryň dürli ýerlerde ýerleşýän ýörite merkezlere ýüz tutmagyna mümkinçilik döredýär. Şeýlelikde, sanly aragatnaşyk ulgamlary saglygy goraýşyň häzirki zaman derejesine çykmagyna ýardam edýär.
Döwlet dolandyryşy hem sanly aragatnaşyk ulgamlarynyň ösüşi bilen täze derejä göterildi. Elektron hökümet hyzmatlary, elektron resminama dolanyşygy, onlaýn registrasiýa we sanly maglumat bazalary döwlet edaralarynyň arasynda maglumat alyş-çalyşynyň tizligini has artdyrdy. Ilat üçin hem dürli hyzmatlara öýden çykman elýeterlilik üpjün edildi. Bu ýagdaý döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrýar, wakalatyň açyklygyny we raýatlaryň döwlet edaralaryna bolan ynamyny güýçlendirýär.
Sanly aragatnaşyk ulgamlary jemgyýetiň sosial gatnaşyklarynda hem uly özgertmeleri ýüze çykardy. Sosial ulgamlar, onlaýn habarlaşma platformalary, wideo konferensiýa sistemalary adamlaryň arasynda aradaky uzaklygy ýok edip, islendik ýerde we islendik wagtda özara habarlaşmaklygy mümkin edýär. Bu diňe şahsy gatnaşyklarda däl, işewürlik gatnaşyklarynda hem möhüm ähmiýete eýedir. Kärhanalar duşuşyklary onlaýn görnüşde geçirip, wagty we serişdeleri tygşytlaýýarlar. Şeýle hem sosial ulgamlaryň giňden ýaýramagy jemgyýetde maglumatlary paýlaşmagyň we jemgyýetçilik taýdan gyzyklanma döredip biljek meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň netijeliligini ýokarlandyrýar.
Sanly aragatnaşyk ulgamlarynyň ösüşiniň jemgyýetdäki maglumat alyş-çalyşynyň tizligine edýän täsirini tehnologik manydan düşündirmek hem zerurdyr. Ilkinji nobatda, maglumatlaryň san şekilinde işlenilmegi olaryň ýokary hilli saklanmagyna we geçiriliş tizliginiň ýokarlanmagyna sebäp bolýar. Analog ulgamlarda maglumatlaryň üýtgemäge sezewar bolmagy, ýitgi we çaklaşma problemi bar bolsa, sanly ulgamlar şeýle kynçylyklary aradan aýyrýar.
Amangeldi MUHAMMETMYRADOW
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we Informatika
Institutynyň talyby