bitarap 30 new THE ASHGABAT TIMES

Parahatçylyk – ynsan ömürleriniň, geljegiň goragy

24.11.2025

Häzirki zaman dünýäsiniň gün tertibinde parahatçylygy üpjün etmek ählumumy mesele bolup, şunda türkmen Bitaraplygyna parahatçylygyň kepili, ynanyşmagy berkitmegiň, dürli ugurlarda ylalaşygy gazanmagyň guraly hökmünde ýokary baha berilýär. Bitarap döwletimiz köpugurly diplomatiýanyň netijeli gurallaryny işjeň ulanyp, bütin dünýäde dost-doganlygy, ynsanperwerligi, hyzmatdaşlygy hem-de ösüşi dabaralandyrýar.

Häzirki wagtda bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary üçünji müňýyllygyň çylşyrymly halkara ýagdaýlarynyň çäginde gymmatly tejribe, nusgalyk ýol hökmünde ykrar edilýär. Muňa şu ýylyň 6-njy noýabrda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilen Bitaraplyk baýramynyň çärelerini ýokary derejede guramak boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisinde has-da aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan döwletimiz parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty alyp barmak bilen, bu ugurda netijeli işleri durmuşa geçirip, wajyp başlangyçlary öňe sürýär. Şunda ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi möhüm wakalaryň biri boldy. Şoňa görä-de, ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde birnäçe halkara çäreler yzygiderli geçirilýär. Şu ýylyň 12-nji dekabrynda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumy bolsa halkara ähmiýetli esasy çäreleriň biri bolar.

Jemläp aýdanyňda, Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde geçiriljek halkara çäreler dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge goşant goşmakda uly ädim bolar. «Gelen — döwlet» diýlişi ýaly, şeýle giň möçberli halkara çäreleri üstünlikli geçirmek arkaly halkymyzyň asylly däp-dessurlary, myhmansöýerligi, mizemez döwletlilik ýörelgeleri, eziz Diýarymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösüşi bütin dünýäde ýene bir gezek belentden dabaralanar. Goý, mähriban Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende göterýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Göwher ANNAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
bitarap new THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Köpugurly gatnaşyklaryň altyn köprüsi

oba agrar THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Azyk bolçulygy – ykdysady kuwwatlylyk

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop