inshot 20241028 004015708 THE ASHGABAT TIMES

Bitaraplyk— halkara parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýaňy

24.11.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Garassyz Türkmenistanyň taryhynda, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip atlandyrylan bu ýylda özygtyýarly Türkmenistan dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň berkidilen gününiň 30 ýyllygyny baýram edýär. Mälim bolşy ýaly, öz gözbaşyny 1995-nji yylyň 12-nji dekabrynda hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolan ata Watanymyzyň Ýer ýüzündäki abraý derejesi, şan-şöhraty barha artýar.2015-nji ýylyň iýun aýynda BMG-niñ Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwlet tarapyndan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” rezolýusiýasynyň gaýtadan biragyzdan kabul edilmegi hem muny tassyklaýar. BMG-niñ Baş Assambleýasynyň 2017-nji yylyň 2-nji fewralynda bolup geçen 71-nji mejlisinde bolsa her ýylyň 12-nji dekabryny Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi. Şeýle mazmunly rezolýusiýanyň biragyzdan kabul edilmegi Türkmenistan döwletimiziñ dünyä arenasyndaky abraýynyň örän ýokarydygyny ýene-de bir gezek subut etdi. Şondan bäri 12-nji dekabrda diñe bir Türkmenistan döwletimizde däl, eýsem tutuş Ýer togalagynda Bitaraplyk güni ruhubelent ýagdaýda bellenilip geçilýär. Munuñ özi Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň Zemin içre özboluşly goldaw tapmasy we dabaralanmasy bolup ýañlanýar. Hut şonuň üçin hem hemişelik Bitaraplygyñ biziň halkymyza beren egsilmez bagty barada bu gün ýene bir gezek pikir öwürmek örän ýerliklidir.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy sözüň doly manysynda özboluşly nusgawy häsiýete eýedir. Öz döwründe Şweýsariýa, Belgiýa, Awstriýa ýaly döwletler Bitaraplyk derejesine eýe bolupdylar. Ýöne olaryň bu derejä eýe bolmaklary sebitiñ döwletleriniñ şol döwürlerde alyp baran syýasatlarynyň netijesinde emele gelen taryhy ýagdaý bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Bu gün türkmen halky ata-babalarymyzyň asyrlar boýy arzuw edip gelen, beyik akyldar Magtymguly Pyragynyň “Gurdugym aslynda, bilgil, bu zeminiň myhydyr, Erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy, diyip, ruhy taýdan esaslandyran berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýaşaýar. Hormatly Prezidentimiziň öñe sürýän geljegi nazarlaýan oňyn başlangyçlarynyň düýp esasynda halkymyzyň wagyz edyän parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, açyklyk ýaly asyrlarboýy türkmen halkynyň aňyna siñen yörelgeleri ýatyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň dowam edýän Bitaraplyk taglymaty hem öňegidişliklere beslenýär. Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň ganatynda döwletimiziň alyp barýan halkara gatnaşyklarynyň hataryndan iri maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygyň hem oňyn paýy bar. Şol guramalaryň arasyndan Halkara pul gaznasy, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky, Aziýa ösüş banky we Yslam ösüş banky bilen hyzmatdaşlyk has ýokary derejelere göterilendir. Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edarasy bolan Halkara pul gaznasy Türkmenistanyň köpden bäri strategik hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Biziň ýurdumyzyň bu iri maliýe düzümi bilen hyzmatdaşlygy birnäçe ugurlar boýunça amala aşyrylýar. Abraýly halkara maliýe guramasy tarapyndan milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli ädimleriň goldanylmagy we ykrar edilmegi Türkmenistanda amala aşyrylýan özgertmeleriň öz wagtynda geçirilýändiginiň hem-de örän derwaýysdygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistan döwletimiz Bitaraplyk ýörelgesine ygrarly bolup, halkara gatnaşyklarynyň parahatçylykly ýol bilen ösdürilmegine, ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine uly goşant goşýar.

Gülnur ŞAMYRADOWA
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet

mugallymçylyk institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
7:47 pm, Dec 5, 2025
temperature icon 10°C
пасмурно
Humidity 62 %
Pressure 1027 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:07 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
bas 2 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen talyplary Saud Arabystany Patyşalygynda okuw saparynda boldular

bitarap tm THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bitaraplyk – hoşniýetliligiň aýdyň ýoly

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop