oba agrar THE ASHGABAT TIMES

Azyk bolçulygy – ykdysady kuwwatlylyk

24.11.2025

Bäsdeşlige ukyply obasenagat toplumyny kemala getirmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň biridir. Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijiler maliýe-ykdysady taýdan goldanylýar. Daýhanlara dünýäniň öňdebaryjy oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny satyn almak üçin ýeňillikli esasda karzlar berilýär. Munuň özi olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna goşant goşýar.

Ussat alymlaryň irginsiz zähmeti netijesinde ekinleriň täze sortlarynyň döredilmegi bilen, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda uly ösüşler gazanylýar. Ýeri gelende bellesek, şu möwsümde Diýarymyzyň ak ekin meýdanlarynda ýokary hasyllylygy, däneleriniň iriligi we köp suw talap etmeýändigi bilen tapawutlanýan bugdaýyň «Arkadag», «Serdar», «Pyragy» ýaly täze görnüşleri ekildi. Olar ýokary hasyllylygy, kesellere durnuklylygy we beýleki ýokary görkezijileri bilen tapawutlanýar. Bu bolsa oba hojalyk pudagynyň ylmy esasda ösdürilmegine, ýurtda azyk howpsuzlygynyň berkidilmegine, pudagyň eksport mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagyna döwlet derejesinde ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky güwäsidir.

2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy ekerançylarda mundan beýläk-de yhlasly zähmet çekmäge höwes döretdi. Şu ýyl edermen gallaçy daýhanlarymyz 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny Watan harmanyna tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Ýurdumyzda ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeler üstünlikli berjaý edilip, 2 müň 100 tonnadan gowrak pile öndürildi.

Mälim bolşy ýaly, «Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda», «Pagtaçylyk hakynda», «Däneçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň we beýleki hukuk namalarynyň esasynda ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijilere döwlet ýeňillikleriniň dürli görnüşleri, şeýle hem önümçilik harajatlaryny azaltmaga gönükdirilen ýeňillikler berilýär. Munuň özi ýurdumyzda oba hojalygyny döwrebap ösdürmekde alnyp barylýan döwletli işleriň rowaçlanýandygyny alamatlandyrýar.

Goý, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Mährijemal KAKYŞOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Agronomçylyk fakultetiniň Agronomçylyk hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
bitarap 30 new THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Parahatçylyk – ynsan ömürleriniň, geljegiň goragy

bitarap 30 yyl new THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti wagyz edilýär

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop