Mekdep okuwçylaryna goşmaça bilim bermekde, olary hünärlere höweslendirmekde we gyzyklanmalaryny kanagatlandyrmakda çagalar ýetginjekler döredijilik öýleriniň möhüm ähmiýeti bardyr. Biz hem «Marguş» çagalar-ýetginjekler döredijilik öýüniň kompýuter we syýahat gurnagynda mekdep okuwçylaryna goşmaça bilim bermekde we olaryň sapaklarda öwrenenlerini gurnakda meşgullanmak arkaly özleşdirmekde maksatnamalaýyn işleri amala aşyrýarys.
Mysal hökmünde bellesek, kompýuter gurnagynda tehniki enjamlaryň ulanylyşy, olaryň programma mümkinçiliklerinden peýdalanylyşy, tehniki prosesleriň gatnaşyklary, täze taslamalaryň üstünde işlemek mümkinçilikleri we döredijilik başarnyklary babatda amaly okuwlary geçýäris. Şeýle-de innowasiýalary işjeň peýdalanyp, nazary düşünjeler berlende hem sanlylaşdyrylan serişdelerden peýdalanýarys.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem çagalara häzirki zamanyň sanly täzelikleri barada düşünje bermek, innowasiýa täzelikleri baradaky bilimlerini kämilleşdirmek we olary geljekde peýdalanmak mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmaga niýetlenilen elektron görkezme serişdesini taýýarladyk. Emeli intellekt we onuň aýratynlyklary bilen bagly taýýarlan görkezme serişdämizde dürli maglumatlar, täzelikler, onuň ähmiýeti we geljegi barada maglumatlar beýan edildi. Şeýle-de prezentasiýada wideo görnüşler ýerleşdirildi.
Şeýle serişdeleriň üsti bilen ýaşlara berlen düşünjeler ýokary hilli, täsir ediji we ähmiýetli bolýar. Şonuň üçin hem biz ýaş nesilleriň döwrüň möhüm talaplaryna laýyklykda kemala getirmek üçin döredijilikli zähmet çekmäge ruhlanýarys we ajaýyp döwrümize tüýs ýürekden buýsanýarys.
Selbi NURÝAGDYÝEWA,
Mary welaýatynyň «Marguş» çagalar-ýetginjekler döredijilik öýüniň kompýuter we syýahat gurnagynyň gurnak ýolbaşçysy.