gazagystan tm THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana döwlet sapary  başlandy

24.11.2025

Şu gün – 24-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Gazagystan Respublikasyna geldi. Döwlet Baştutanymyz 2022-nji ýylyň oktýabrynda hem bu dostlukly ýurda döwlet saparyny amala aşyrypdy.

Hormatly Prezidentimiziň sapary mynasybetli Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň Döwlet baýdaklary galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny Gazagystan Respublikasynyň resmi adamlary we Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.

Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, ertir ýokary derejeli türkmen-gazak gepleşikleriniň geçirilmegine garaşylýar. Onuň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekiler.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
7:26 pm, Dec 5, 2025
temperature icon 10°C
пасмурно
Humidity 62 %
Pressure 1027 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:07 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
1763990364743 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Sanly serişdeleriň sanyny artdyrýarys

parahat abadancylyk THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Gadymyýetden gözbaşly bitaraplyk ýörelgeleri

Soňkylar Habar

GitTop