Dark
Light
24.01.2026
daneli ekin THE ASHGABAT TIMES

Däneli ekinleriň ähmiýeti

25.11.2025

Biziň gadymy ata-babalarymyz Merkezi Aziýada ilkinji gezek mundan 7-8 müň ýyl öň Jeýtun atly ilatly merkezde (Aşgabatdan 28 km demirgazyk-günbatarda), ondan soň Änew düzlüginde türkmeniň häzirki ak bugdaýynyň gadymy sortuny we arpany suwarymly ekerançylykda ösdürip ýetişdiripdirler. Bu örän ähmiýetli taryhy maglumaty daşary ýurt alymlary hem ykrar edýärler.

Dünýä ýüzünde azyk üçin ösdürilip ýetişdirilýän ekinleriň jemi görnüşi 15-e golaýdyr. Olaryň ýarysyndan köpüsi (bugdaý, şaly, mekgejöwen, jöwen, dary, arpa, çowdary, süle, greçiha) däneli ekinlere degişlidir. Dünýäde ekilýän ähli ekinleriň meýdanynyň 70 göterime ýa-da 700 million gektara golaýy däneli ekinlerdir. Olardan 2 milliard tonna golaý hasyl alynýar.

Däneli ekinleri ösdürip ýetişdirmek, hasylyny ýygnamak işleri beýleki ekinler bilen deňeşdirilende tehnologiki hyzmatlary köp talap etmeýär we ähli meýdan işlerini doly mehanizmleşdirmek mümkin. Şeýle-de dänesini ýygnamak, daşamak, uzak wagtlap ätiýaçlyk görnüşinde saklamak mümkinçiliginiň hem ýokary bolmagy we çylşyrymly işleri talap etmeýänligi däneli ekinleriň artykmaç tarapydyr.

Dänede adamlar we mallar üçin zerur bolan ýokumly iýmit maddalarynyň hemmesi bar. Onuň düzüminde beloklar we uglewodlar (gant, krahmal) iýmit üçin iň gowy gatnaşykda (1:5-6), ýagny beloklaryň agramyna 5-6 esse artyk mukdarda gantlar, krahmal we kletçatka saklanýar. Däneden taýýarlanan azyk önümleri adamyň gündelik talap edýän energiýasynyň 40-67 göterimini üpjün edip bilýär.

Däne we onuň önümi un-çörek, azyk, süýji-köke, konditer kärhanalarynyň, senagatyň beýleki pudaklarynyň iň möhüm çig malydyr. Häzirki döwürde we geljekde hem oba hojalygynyň esasy wezipesi – dänäniň öndürilişini mundan beýläk-de artdyrmakdan, her bir gektar meýdanyň hasyllylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Güljan SEÝTIÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

gazak taze THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen-gazak gatnaşyklarynda medeni umumylyklar

gazagystan THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistan – Gazagystan: dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkidip

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop