gazagystan THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistan – Gazagystan: dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkidip

25.11.2025

Türkmenistany we Gazagystan Respublikasyny umumy medeniýet, ýakyn mentalitet, ysnyşykly ykdysady we medeni gatnaşyklar, iki ýurduň parahatçylyga, ylalaşyga we durnukly ösüşe bolan ymtylmalary özara baglanyşdyrýar. Ösüşiň häzirki tapgyrynda depginli ösýän ýurtlar bolmak bilen, Türkmenistan we Gazagystan geografik we medeni kybapdaşlygyndan, birek-birege ynanyşmak ýörelgesinden ugur alyp, hoşniýetlilik, dostluk, işjeň özara gatnaşyklar syýasatyny durmuşa geçirýärler. Şu jähetden, 24-25-nji noýabrda hormatly Prezidentimiziň Gazagystan Respublikasynda döwlet saparynda bolmagy döwletara gatnaşyklarda täze sahypany açýar.

Turuwbaşdan bellesek, şu ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 33 ýyl doldy. Şu geçen döwrüň dowamynda türkmen-gazak hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürildi. Ýokary döwlet derejesinde işjeň syýasy gatnaşyklar alnyp barylýar, ýurtlarymyz BMG-niň, beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde birek-biregiň başlangyçlaryny goldap çykyş edýärler. Şu gezekki sapar ýylyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň doganlyk ýurda amala aşyrýan saparlarynyň üçünjisidir. Ozal döwlet Baştutanymyz şu ýylyň maý-iýun aýlarynda Astanada geçirilen «Merkezi Aziýa — Italiýa» we «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitlerine gatnaşypdy. Nobatdaky döwlet sapary bolsa köpugurly strategik hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi bermäge ýardam eder.

Türkmenistan we Gazagystan Birleşen Milletler Guramasynyň çäginde hem netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýär. Soňky ýyllarda Türkmenistan Ýer ýüzünde parahatçylygyň, howpsuzlygyň berkidilmegine gönükdirilen ençeme halkara başlangyçlar bilen çykyş etdi we şol başlangyçlaryň sebitdäki ýakyn goňşy ýurtlar tarapyndan goldanylmagy uly ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, Gazagystan ýurdumyz tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynda öňe sürülýän teklipleri yzygiderli goldap gelýär. Dostlukly döwlet Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini ilkinjileriň hatarynda goldap, degişli Kararnamalaryň awtordaşy bolup çykyş etdi.

Türkmen we gazak halklaryny diliniň, dininiň, däp-dessurlarynyň, medeniýetiniň, taryhynyň ýakynlygy baglanyşdyrýar. Şeýle ýakynlyk edebiýatymyza-da, saz sungatymyza-da mahsusdyr. Ýeri gelende bellesek, gazak halkynyň beýik şahyry, filosof, halk magaryfçysy Abaý Kunanbaýew durmuş pelsepesine ýugrulan baý mazmunly eserleri bilen dünýäde giňden tanalýar. Onuň tebigat hem-de watançylyk temasyndan döreden eserleri okyjylaryň ýüreginde baky ýaşaýar. Gazak halky hem milli şahyrymyz Magtymgulynyň şygyrlaryny söýüp okaýar.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň dostlukly ýurda döwlet sapary hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna aýratyn itergi berip, döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň netijeli durmuşa geçirilmegini has-da işjeňleşdirer.

Ogulbibi BAÝRAMMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
daneli ekin THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Däneli ekinleriň ähmiýeti

biologl THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Aşgabatda biologiýa dersi boýunça halkara internet olimpiadasy geçirildi

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop