gazak bayd THE ASHGABAT TIMES

Türkmen-gazak gatnaşyklarynda täze sahypa

25.11.2025

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky taryhyň, medeniýetiň, diliň, ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň umumylygyna esaslanýan gatnaşyklar strategik hyzmatdaşlyk häsiýeti bilen tapawutlanýar. Dünýäniň energetika bazarynda möhüm orny eýeleýän iki ýurt syýasy dialogy pugtalandyrmaga, ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge, sebit howpsuzlygyny üpjün etmäge aýratyn üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrmagy möhüm ähmiýete eýedir.

1992-nji ýylda ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýlan wagtyndan bäri köp sanly ylalaşyklary öz içine alýan berk şertnama-hukuk binýady kemala getirildi. Strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama özara gatnaşyklaryň ýokary derejesini tassyklaýan esasy resminama bolup durýar.

Iki ýurduň döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem sebit we halkara guramalaryň çäklerinde yzygiderli dialogy saklaýarlar. Ýurtlarymyz halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde hereketlerini utgaşdyryp, birek-biregiň parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryny goldap çykyş edýärler. Gazagystan Türkmenistanyň halkara derejede ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesini üýtgewsiz goldap, oňa sebitde durnuklylygyň möhüm şerti hökmünde garaýar. Öz gezeginde, Türkmenistan hem Gazagystanyň netijeli başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar.

Ýurtlarymyz kenarýaka döwletler hökmünde Hazar deňziniň biodürlüligini goramak meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk edýärler. 2018-nji ýylda Aktau şäherinde gol çekilen Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýa bu hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm tapgyr boldy. Türkmen hem-de gazak halklarynyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň berk binýadyny emele getirýär. Milli sungaty, däp-dessurlary wagyz etmäge gönükdirilen özara Medeniýet günleriniň, bilelikdäki maslahatlaryň we beýleki çäreleriň yzygiderli geçirilmegi, akademiki, ylmy alyşmalar munuň şeýledigini aýdyň tassyklaýar.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň dostlukly ýurda nobatdaky döwlet sapary köpugurly strategik hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi bermäge ýardam eder.

Ishak WEÝISOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
biologl THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aşgabatda biologiýa dersi boýunça halkara internet olimpiadasy geçirildi

goni yaylymda e1638176788222 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Sagdyn durmuş ýörelgeleri rowaçlanýar

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop