bitarap 30 new THE ASHGABAT TIMES

Türkmeniň ruhy taglymy

24.11.2025

Häzirki zaman dünýäsiniň gün tertibinde parahatçylygy üpjün etmek ählumumy mesele bolup, şunda türkmen Bitaraplygyna parahatçylygyň kepili, ynanyşmagy berkitmegiň, dürli ugurlarda ylalaşygy gazanmagyň guraly hökmünde ýokary baha berilýär. Bitarap döwletimiz köpugurly diplomatiýanyň netijeli gurallaryny işjeň ulanyp, bütin dünýäde dost-doganlygy, ynsanperwerligi, hyzmatdaşlygy hem-de ösüşi dabaralandyrýar.

Milli Liderimiz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda: «Milli bitewülige we hoşniýetli goňşuçylyga, beýleki halklar bilen parahatçylyk söýüjilikli we dostlukly gatnaşyklara gadyr goýmagy türkmen halkyna taryhyň özi öwretdi» diýip belleýär. Şu jähetden, dünýä halklary bilen ylalaşykly ýaşamak, özgelere hoşniýetli garamak, birek-birege ynanyşmak ýaly häsiýetler halkymyzyň milli ýörelgeleriniň esasyny düzýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan döwletimiz parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty alyp barmak bilen, bu ugurda netijeli işleri durmuşa geçirip, wajyp başlangyçlary öňe sürýär. Şunda ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi möhüm wakalaryň biri boldy. Şoňa görä-de, ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde birnäçe halkara çäreler yzygiderli geçirilýär. Şu ýylyň 12-nji dekabrynda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumy bolsa halkara ähmiýetli esasy çäreleriň biri bolar. Häzirki wagtda halkara çäräni hem-de baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmek üçin ähli tagallalar edilýär.

Milli Liderimiziň: «Parahatçylyk, munuň özi sazlaşykly ýaşaýyşdyr» diýip belleýşi ýaly, adamzadyň asylly ýörelgeleriniň rowaçlanýan ýerinde parahatlyk, asudalyk bolýar. Bu gymmatlyklar bolsa birek-birege ýürekdeşlik, ynanyşmak duýgusyndan döreýär. Şol gymmatlyklara giňden daýanyp, dünýä döwletleri bilen dostana gatnaşyklary barha giňeldýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Mahym ANNADURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
3:00 am, Dec 6, 2025
temperature icon 8°C
пасмурно
Humidity 66 %
Pressure 1026 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:08 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
bitarap 30 new THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Parahatçylyk – ynsan ömürleriniň, geljegiň goragy

bitarap 30 yyl new THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti wagyz edilýär

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop