bitarap kepderi krug THE ASHGABAT TIMES

Bitaraplyk taglymaty: taryhy esas, berk binýat

25.11.2025

2025-nji ýyl Türkmenistan üçin aýratyn taryhy ýyl bolup, şu ýyl ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagyna 30 ýyl dolýar. Bu senäniň BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy bilen utgaşmagy bolsa Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna taryhy dereje berýär. Şeýle hem Bitaraplyk taglymatynyň Garaşsyz Türkmenistanyň baş syýasy ugry hökmündäki binýatlyk ähmiýetini hem-de taryhy esaslaryny aýdyňlaşdyrýar.

Türkmenistan sebit we ählumumy derejede öňüni alyş diplomatiýasyny durmuşa geçirmegiň esasy guraly hökmünde Bitaraplygyň netijelidigini yzygiderli görkezip gelýär. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň we onuň oňyn tejribesiniň Milletler Bileleşigi derejesinde üç gezek ykrar edilmegi bolsa Milli Liderimiz tarapyndan öňe sürlen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýanyň, «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesiniň dünýäde giň goldawa eýe bolýandygyna, parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeleriň dabaralanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Döwletimiziň dünýäde ykrar edilen halkara hukuk ýagdaýy bolan hemişelik Bitaraplygy milli kanunçylygymyzda, Döwlet baýdagymyzda, Tugramyzda we Senamyzda öz mynasyp beýanyny tapdy. 1995-nji ýylyň 27-nji dekabrynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» hem-de «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakynda» Konstitusion Kanunlar kabul edildi.

Geçen ýyllarda paýtagtymyzda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy, ýurdumyzyň başlangyjy bilen Halkara Bitaraplyk gününiň esaslandyrylmagy, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň hem-de «Türkmenistan — BMG» strategik maslahat beriş geňeşiniň döredilmegi türkmen Bitaraplygynyň Ýer ýüzünde parahatçylygy, gülläp ösüşi ilerletmekde näderejede möhüm orun tutýandygyny görkezýär.

Halkara giňişlikde hoşniýetli gatnaşyklary, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty dabaralandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Mähri ORAZMUHAMMEDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
11:48 pm, Dec 5, 2025
temperature icon 10°C
пасмурно
Humidity 62 %
Pressure 1026 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:07 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
bitarap taze 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bitaraplyk – dünýä ähmiýetli gymmatlyk

sport olimp THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bitarap Türkmenistan – halkara sport hyzmatdaşlygynyň mekany

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop