Saglyk — islendik ýurduň ilatynyň durmuş abadançylygynyň görkezijisi. Döwletiň ähli kuwwaty, rowaçlyk binýady — il-halkynyň saglygynda. Şoňa görä-de, Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda lukman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy işlenip düzüldi we yzygiderli, tapgyrlaýyn, ylmy taýdan esaslandyrylyp, netijeli durmuşa ornaşdyryldy hem-de has kämilleşdirildi. Şunda Milli Liderimiziň eserlerinde saglyk pelsepesine möhüm orun degişlidir.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegine 30 ýyl boldy. Şu mynasybetli, lukman Arkadagymyz halkymyza, aýratyn-da, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerine «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly täze kitabyny peşgeş berdi. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramynyň bellenilen gününde elimize gowşan bu kitap baý many-mazmuny, täsirli beýan edilişi, özboluşly bezeg aýratynlyklary bilen tapawutlanýar.
Alym Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän kitabyň ikinji bölüminiň giriş jümleleri okyjyny has-da özüne çekýär. Onda şeýle diýilýär: «Saglygyň höküm sürýän ýerinde geljege ynam hem güýçlüdir. Çünki saglyk geljegi gurmakda iň esasy sütündir». Şeýle ajaýyp jümleler ýurdumyzda bu ugra näderejede uly ähmiýet berilýändigine şaýatlyk edýär. Kitabyň bu bölüminde saglygy goraýyş ulgamynda guramaçylygyň we dolandyrmagyň yzygiderli kämilleşdirilýändigi beýan edilýär. Şunda ulgamyň kanunçylyk binýadyna aýratyn orun berilýär.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygynyň giňden bellenilen günlerinde çapdan çykyp, halkymyza, aýratyn-da, lukmanlara ajaýyp sowgat boldy. Gahryman Arkadagymyz bu köpýyllyk düýpli ylmy işiniň täze jildinde türkmen topragynda ösýän jana tenekar dermanlyk ösümlikleriň 107-si barada giňişleýin we anyk-aýdyň maglumatlary islendik okyja düşnükli dilde beýan edýär.
Halkymyzyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, olary irki möhletlerde anyklamak we bejermek babatda zerur bolan ähli döwrebap şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza egsilmez alkyş aýdyp, berk jan saglygyny, uzak ömri, alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinde hemişe rowaçlyklary arzuw edýäris.
Muhammetmyrat ALLAÝAROW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň talyby.