alem ai THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Prezidenti «Älem.AI» emeli aň merkezine baryp gördi

26.11.2025

25-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystana amala aşyrýan döwlet saparyny günüň ikinji ýarymynda «Älem.AI» halkara emeli aň merkezine baryp görmek bilen jemledi. Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň resmi wekilleri bilen bilelikde merkeziň alyp barýan işi hem-de aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşdy.

Astanada geçirilen «EKSPO ― 2017» halkara ýöriteleşdirilen sergisiniň infrastrukturasynyň binýadynda şu ýylyň oktýabrynda açylan «Älem.AI» merkezi emeli aň ulgamynda ylmy açyşlar, startaplar we halkara hyzmatdaşlyk üçin esasy meýdançany döretmek maksady bilen işe girizildi. Onuň baş wezipesi Gazagystanyň emeli aň boýunça çözgütleriniň eksportyny giňeltmekden, ýurtda tehnologik hem-de ykdysady ösüşi hil taýdan täze derejä çykarmakdan ybaratdyr.

«Nur-Älem» diýlip atlandyrylýan, togalak şekilli binanyň 8 gatynyň hersinde sergileri, emeli aň boýunça umumy sapaklary, talyplardyr mekdep okuwçylaryna programmirleme, 3D dizaýn we emeli aň tehnologiýalary barada okuwlary geçmek üçin auditoriýalar ýerleşýär. Şeýle-de bu ýerde emeli aň kinoteatry hem-de muzeýi hereket edýär.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
7:45 pm, Dec 5, 2025
temperature icon 10°C
пасмурно
Humidity 62 %
Pressure 1027 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:07 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
astana dus THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Astanada türkmen-gazak gepleşikleri geçirildi

gazak orden THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Hormatly Prezidentimiz Gazagystanyň «Altyn Bürgüt» ordeni bilen sylaglanyldy

Soňkylar Habar

GitTop