Medeni gatnaşyklar halklary ýakynlaşdyrýar, köpugurly hyzmatdaşlyga rowaçlyk berýär. Medeni çäreler iki ýurduň arasyndaky dialogyň täze gözýetimlerini açyp, medeniýetara gatnaşyklaryň özboluşly köprüsine öwrülýär. Şunda türkmen-gazak medeni gatnaşyklaryna aýratyn orun degişlidir.
Türkmen-gazak medeni gatnaşyklarynyň ösüşi barada aýdylanda, iki ýurduň hemmetaraplaýyn işjeň dialogynyň kemala gelendigini, umumy taryh, ruhy gymmatlyklar hem-de ýörelgeler bilen baglanyşýan doganlyk halklaryň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylýandygyny bellemek gerek. Iki ýurduň arasynda Medeniýet günlerini geçirmek hem asylly däbe öwrüldi. Munuň özi türkmen we gazak halklaryny taryhy hem-de medeni-ruhy umumylyklaryň asyrlaryň dowamynda berk baglanyşdyryp gelýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Gazagystanyň paýtagty Astanada beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylmagy hem-de Aşgabatdaky «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda Gazagystanyň meşhur döredijilik işgärleriniň biri, kompozitor, dombra saz guralynda gazak halk aýdymlaryny ýerine ýetiren Kurmangazy Sagyrbaýulynyň heýkeliniň oturdylmagy munuň aýdyň mysalydyr. Şunda hormatly Prezidentimiziň şu gezekki döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalarynyň Astananyň gözel künjeginde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýup, beýik söz ussadyny sarpalamagy aýratyn bellärliklidir.
Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda medeni alyşmalar ýola goýuldy, onuň çäklerinde ylmy maslahatlar, iki ýurduň meşhur aýdymçylarynyň çykyşlary, sergiler, kinofilmleriň görkezilişleri, beýleki bilelikdäki çäreler guralýar. Şeýle-de Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň döredijilik işgärleri gazagystanly kärdeşleri bilen bilelikde dostlukly ýurduň dürli sebitlerinde Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan «Ismim düşdi ilden-ile» atly dokumental filmi surata düşürdiler.
Şeýlelikde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dostlukly ýurda nobatdaky döwlet sapary ähli ugurlarda bolşy ýaly, köpugurly medeni hyzmatdaşlyga hem hil taýdan täze itergi bermäge ýardam eder.
Gülkamar SAPAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.