Şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan parahatsöýüjilik, agzybirlik, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýaly ýörelgelerimiz täze taryhy döwrümizde barha rowaçlanýar. Aýratyn hem, Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalaryna laýyklykda üç gezek ykrar edilmegi demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň halkara at-abraýyny has-da belende göterýär.
Dünýä bileleşigi şu ýyl iki şanly senäni — BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyny we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygyny baýram edýär. Şanly seneleriň hormatyna şu ýyl ýurdumyzyň başlangyjy bilen bütin dünýäde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, bu şanly seneleri giňden dabaralandyrmak we dünýäde parahatçylygy goldamak, durnukly ösüşe ýardam bermek, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy kabul edildi.
Ýakynda hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde çykyş edip, tutuş adamzat üçin möhüm ähmiýete eýe bolan täze başlangyçlary öňe sürdi. Munuň özi ýurdumyzyň BMG-niň Tertipnamasynda görkezilen gymmatlyklara we köpugurly hyzmatdaşlyga mundan beýläk-de ygrarlydygyny görkezen möhüm waka boldy. Döwlet Baştutanymyzyň beýan eden başlangyçlary umumadamzat üçin ýokary halkara ähmiýete eýedir.
Täze taryhy döwürde Gahryman Arkadagymyzyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýasynyň bütin dünýäde giňden dabaralanmagy aýratyn bellärliklidir. Şunda 2025-nji ýylyň dekabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek iri halkara forumyň ýokary ähmiýete eýe boljakdygyny ynamly aýdyp bolar. Bu forum şanly ýylymyzyň esasy wakalarynyň birine öwrülmek bilen, häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz bu halkara çäräni ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge giňden taýýarlyk görýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende göterýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Maral HOJAKULYÝEWA,
Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri.