gazak orden THE ASHGABAT TIMES

Hormatly Prezidentimiz Gazagystanyň «Altyn Bürgüt» ordeni bilen sylaglanyldy

26.11.2025

Düýn, 25-nji noýabrda Astanada ýokary derejeli türkmen-gazak gepleşikleri tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy — «Altyn Bürgüt» (Altyn Kyran) ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew döwlet Baştutanymyza bu ýokary sylagy gowşuryp, däp bolan türkmen-gazak dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, strategik hyzmatdaşlygy berkitmekde hormatly Prezidentimiziň şahsy goşandyny belledi. Gazak Lideriniň gol çeken Permanyna laýyklykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky berk dostluk gatnaşyklaryny, hoşniýetli goňşuçylygy we strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, döwletara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmekde, doganlyk halklarymyzyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna, jebisleşmegine goşan goşandy üçin bu abraýly sylaga mynasyp boldy.

Maglumat hökmünde belläp geçsek, Gazagystan Respublikasynyň iň ýokary tapawutlandyryş nyşany – «Altyn Bürgüt» ordeni 1995-nji ýylda döredildi. Bu abraýly sylag bilen Gazagystanyň öňünde aýratyn hyzmatlar bitiren raýatlar, häzirki zamanyň görnükli döwlet, jemgyýetçilik we syýasy işgärleri sylaglanylýar. 2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda altynjy Hazar sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen gazak Lideri Kasym-Žomart Tokaýew tarapyndan Gahryman Arkadagymyza hem «Altyn Bürgüt» ordeniniň gowşurylandygyny buýsançly bellemelidiris.

Şeýlelikde, döwletara gatnaşyklarda Türkmenistanyň ýakyn we ygtybarly hyzmatdaşy bolan Gazagystan Respublikasyna Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyza dostlukly ýurduň abraýly döwlet sylagynyň gowşurylmagy hormatly Prezidentimiziň halkara giňişlikde, hususan-da, Gazagystan bilen hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklaryny we medeni-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, parahatçylygy, ynanyşmagy pugtalandyrmak babatda öňe süren umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň we alyp barýan tutumly işleriniň ykrar edilýändigini görkezýär.

Tumar GURBANGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
alem ai THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidenti «Älem.AI» emeli aň merkezine baryp gördi

diplomatiya THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýaşasyn parahat durmuş!

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop