Ulag ulgamy adamzat durmuşynda uly orun eýeleýär. Ýer ýüzünde onuň ösdürilmegi, ulaglaryň durnukly ulgamynyň döredilmegi ýurtlaryň arasynda dürli ugurlar, şol sanda söwda-ykdysady ugur boýunça gatnaşyklary giňeltmäge oňyn täsir edýär. Durnukly ulag ulgamy häzirki wagtda parahatçylygyň, hoşniýetli halkara gatnaşyklaryň ilçisi bolup hyzmat edýär. Şoňa görä-de, her ýylyň 26-njy noýabrynda Bütindünýä durnukly ulag gününiň bellenilmegi möhüm ähmiýete eýedir.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen her ýylyň 26-njy noýabryny «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi Milletler Bileleşigi we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň, öňe sürýän başlangyçlarymyzy sebit we dünýä ýurtlarynyň goldaýandygynyň beýanydyr.
Turuwbaşdan Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2014-nji ýylda «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», 2015-nji ýylda «Durnukly, köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda», 2017-nji we 2023-nji ýyllarda «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek», 2025-nji ýylda «Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnamalary kabul edendigini bellemek gerek.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 11-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permany esasynda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy hem-de Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy döredildi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 22-nji noýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on birinji maslahatynda ulag ulgamynyň hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek maksady bilen birnäçe kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.
Umuman, ulag ulgamy Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine we goňşy ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna kuwwatly itergi berýär. Ösüşlere birek-birege ynanyşmak, dost-doganlyk gatnaşyklary, deňhukukly hyzmatdaşlyk we parahatçylyk dialogy arkaly ýetilýär. Goý, alyslary ýakyn edýän ýollar, şol ýollarda hereket edýän ulaglar geljekde-de parahat, howpsuz we durnukly ösüşe hyzmat etsin!
Gyzylgül GYLYÇGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.