byuro 2 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistan Halkara Sergiler Býurosynyň Administratiw-býujet komitetine gaýtadan saýlanyldy

26.11.2025

2025-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Pariž şäherinde Halkara Sergiler Býurosynyň (BIE) Baş Assambleýasynyň 177-nji sessiýasy geçirildi. Çärä Türkmenistanуň BIE-niň ýanyndaky wekili, Ilçi M. Çaryýew gatnaşdy. Assambleýanyň mejlisinde resmi gün tertibine girizilen möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we tassyklanyldy.

Forumda Administratiw-býujet komitetiniň, ýerine ýetiriji komitetiň, düzgün-komitetiniň, maglumat we aragatnaşyk komitetiniň hasabatlary, şeýle hem 2025-nji ýylda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilen Bütindünýä sergisiniň we 2025-nji ýylda Milan şäherinde geçirilen Triennaleniň jemleýji hasabatlary diňlenildi. Mundan başga-da, 2027-nji ýylda Belgrad we Ýokohama şäherlerinde geçiriljek ýöriteleşdirilen sergilere taýýarlyk boýunça hasabatlar hödürlendi.

byuro sergi THE ASHGABAT TIMES

Saýlawlaryň dowamynda Türkmenistan BIE-niň Administratiw-býujet komitetiniň agzalygyna 2026–2027-nji ýyllar boýunça iki ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu BIE agza döwletleriniň Türkmenistan bolan ynamynyň tassyklanylýandygyny we ýurdumyzy guramanyň çägindäki institusional derejesiniň üstüni ýetirýändigini görkezýär.

Sessiýanyň çäginde Türkmenistanyň Ilçisiniň BIE-niň Baş sekretary Dimitri Kerkentzes bilen iş duşuşygy geçirildi. Baş sekretar Türkmenistany Administratiw-býujet komitetine gaýtadan saýlanylmagy bilen mähirli gutlap, Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň BIE bilen hyzmatdaşlyga berýän ünsüne minnetdarlyk bildirdi, şeýle hem Türkmenistanyň guramanyň işindäki işjeň gatnaşygyny aýratyn belledi.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
unido THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Er-Riýad şäherinde UNIDO-nyň Global senagat sammiti geçirilýär

bitarap neww THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Hemişelik Bitaraplygymyzyň many-mazmunyny düşündirýäris

Soňkylar Habar

GitTop