asgabat saher THE ASHGABAT TIMES

Parahatçylyk taglymaty: bitewüleşen ykballar, birleşen ýollar

25.11.2025

2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň tyllaýy güýz günlerinde yza ser salmak bilen, şanly ýylyň tüýs adyna muwapyk wakalara beslenendigini turuwbaşdan aýdyp bileris. Geçen aý-günler Garaşsyz Diýarymyzyň saýlap alan hemişelik Bitaraplyk ýoluna berk eýerýändigini nobatdaky gezek subut eden wakalara baý boldy.

Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde halkara parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugrudygyny bellemegi şanly ýylymyza aýratyn many öwüşginini çaýdy. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan gününden bäri, Milletler Bileleşiginiň wagtyň synagyndan geçen ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde halkara abraýa eýe boldy. Türkmenistan sebitde we dünýäde parahatçylygy berkarar etmekde bu iri gurama bilen bilelikdäki tagallalara işjeň gatnaşýar. Döwlet Baştutanymyz sessiýanyň çäklerinde ýurdumyzyň mundan beýläk hem öz üstüne alan halkara borçnamalaryna pugta eýerjekdigini nygtady.

Türkmenistanyň Bitaraplygy ― bu türkmen halkynyň öňden gelýän milli däpleriniň düýp mazmunynyň häzirki zaman aňlatmasyndaky ýüze çykmasy bolup durýar. Bu syýasy dereje «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Konstitusion kanunda: «Türkmenistan beýleki döwletler bilen öz gatnaşyklaryny olaryň medeniýetine, däplerine we dessurlaryna sarpa goýmak esasynda gurýar we ynsanperwerlik gatnaşyklaryna halklary ysnyşdyrmagyň, olaryň arasynda özara düşünişmegi çuňlaşdyrmagyň, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň örän möhüm serişdesi hökmünde garaýar. Türkmenistan milletleriň we halkyýetleriň arasynda ruhy gymmatlyklaryň alşylmagyna, medeniýetleriň özara aralaşmagynyň we özara baýlaşmagynyň hadysalaryna ýardam edýär» diýlip berkidilendir.

Ýurdumyzy gülledip ösdürmekde alyp barýan beýik işleri, döwletli başlangyçlary bilen ata Watanymyzyň at-abraýyny dünýäde belende göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutumly işleri diňe  rowaçlyklara beslensin!

Roza TASKARAÝEWA,
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän umumybilim berýän 8-nji orta mekdebiň iňlis dili mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
11:45 pm, Dec 5, 2025
temperature icon 10°C
пасмурно
Humidity 62 %
Pressure 1026 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:07 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
gazagystan tm THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana döwlet sapary  başlandy

bitarap taze 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bitaraplyk – dünýä ähmiýetli gymmatlyk

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop