terjime bas THE ASHGABAT TIMES

Ýaş terjimeçileriň bäsleşigi jemlendi

28.11.2025

2025-nji ýylyň 26-njy noýabrynda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň ýaş terjimeçileriniň arasynda yglan eden «Köňülleri birleşdirýän sungat» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Bäsleşige ýurdumyzyň dürli künjeginden ýaş terjimeçileriň 300-e golaýy gatnaşdy. Olar dünýä meşhur ýazyjy-şahyrlaryň kyssa eserlerinden, poemalaryndan hem-de goşgularyndan türkmen halkynyň döwrebap, milli-ruhy ýörelgelerine we ahlak gymmatlyklaryna laýyklykda, bir parçany türkmen diline terjime edip, terjimeçilik başarnyklaryny görkezdiler.

Emin agzalarynyň gelen netijesine laýyklykda, gatnaşyjylaryň 15-si ýeňiji diýlip yglan edildi. Baýrakly orunlary eýelän ýaşlara bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

«KÖŇÜLLERI BIRLEŞDIRÝÄN SUNGAT» ATLY DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINIŇ 2025-NJI ÝYLDAKY ÝEŇIJILERI:

BAŞ BAÝRAK

Maksat BUGRAÝEW, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Rus diliniň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň mugallymy, rus dilinden eden terjimeleri üçin;

1-NJI ORUN

Kadyrmyrat ÖWEZGYLYJOW, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby, iňlis dilinden eden terjimeleri üçin;

Bahar Röwşenowna AÝDOGDYÝEWA, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Roman-german we gündogar dilleri fakultetiniň italýan dili we edebiýaty hünäriniň 5-nji ýyl talyby, iňlis, italýan we rus dillerinden eden terjimeleri üçin;

Ogulnar Annamyradowna ORAZMYRADOWA, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby, rus dilinden eden terjimesi üçin;

2-NJI ORUN

Gülaýym Çaryýewna GELDIMYRADOWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň pedagogika bilimi ugrunyň nemes we iňlis dilleri hünäriniň 4-nji ýyl talyby, rus dilinden eden terjimeleri üçin;

Annadursun ANNALYÝEWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Rus dili we edebiýaty fakultetiniň Terjime we terjimeçilik işi hünäriniň 1-nji ýyl talyby, rus dilinden eden terjimesi üçin;

Adyl GELDIMYRADOW, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň iňlis dili we edebiýaty hünäriniň 1-nji ýyl talyby, rus dilinden eden terjimesi üçin;

Merjen ATAÝEWA, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň magistranty, pars dilinden eden terjimesi üçin;

3-NJI ORUN

Jennet Bazarbaýewna TÄJIÝEWA, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň aspiranty, iňlis dilinden eden terjimesi üçin;

Myratberdi Gurbanmyradowiç Ýalkabow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 5-nji ýyl talyby, iňlis dilinden eden terjimeleri üçin;

Aýbibi AÝMAKOWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň fransuz dili hünäriniň talyby,fransuz dilinden eden terjimeleri üçin;

Tawus Serdarmyradowna HOJANOWA, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň «Daşary ýurt dilleri we edebiýaty (pars dili we edebiýaty, iňlis dili)» hünäriniň 3-nji ýyl talyby, pars dilinden eden terjimeleri üçin;

Mährem BABAMYRADOWA, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiňI ýyl talyby, rus dilinden eden terjimeleri üçin;

Aýlar Babamuradowna BABAMURADOWA, Aşgabat şäheriniň 12-nji orta mekdebiniň 12-nji «B» synp okuwçysy, rus dilinden eden terjimesi üçin;

Bossan Çarymyradowna Kulyýewa, Aşgabat şäheriniñ ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiniñ 11-nji «B» synp okuwçysy, iňlis, nemes we rus dillerinden eden terjimeleri üçin.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
hngu THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aşgabatda sanly tehnologiýalar boýunça halkara forum guraldy

aynek smart THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Alibaba özüniň ilkinji «akylly» äýnegini tanyşdyrdy

Soňkylar Habar

GitTop