aynek smart THE ASHGABAT TIMES

Alibaba özüniň ilkinji «akylly» äýnegini tanyşdyrdy

28.11.2025

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi «Alibaba Group Holding» kompaniýasy 27-nji noýabrda ösüp barýan «akylly» äýnek bazarynda orun almagy maksat edinýän emeli intellekt bilen işleýän ilkinji äýneklerini tanyşdyrdy diýip, «South China Morning Post» habar berdi.

Bellenilişine görä, bu enjam «Quark AI Glasses» diýlip atlandyrylýar we iki modelde çykarylýar: S1 we ýeňil G1.

aynek sm THE ASHGABAT TIMES

S1 modeli 3799 ýuandan (takmynan 537 dollar) başlaýar. Ol «Qualcomm»-yň «Snapdragon AR1» prosessory we pes kuwwatly iki çipli ulgam bilen üpjün edilen. Alibaba tanyşdyryş dabarasynda modeliň gündelik durmuş üçin kömekçi hökmünde hereket etjekdigini aýtdy. Onuň mümkinçiliklerine ulanyjynyň soraglaryna jogap bermek, hakyky wagtda terjime etmek, tölegler we nawigasiýa girýär.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
terjime bas THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýaş terjimeçileriň bäsleşigi jemlendi

parahatcylyk bitaraplyk THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Parahatçylyk we ynanyşmak – umumadamzat gymmatlygy

Soňkylar Habar

GitTop