Dark
Light
25.01.2026
gazagystan tm THE ASHGABAT TIMES

Hoşniýetli goňşuçylykdan strategik hyzmatdaşlyga

28.11.2025

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 24-25-nji noýabrda Gazagystan Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary dost-doganlyk ruhuna beslenip, şonuň misilsiz güwäsine öwrüldi. Astananyň Halkara howa menzilinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzy goňşy döwletiň Baştutany Kasym-Žomart Tokaýewiň hut özüniň doganlarça garşylamagy bu pursatlara aýratyn dabara berdi.

Gazagystan Birleşen Milletler Guramasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen Kararnamalaryň 30-syna, biziň döwletimiz bolsa gazak tarapynyň Milletler Bileleşigindäki başlangyçlarynyň 19-syna awtordaşlyk etdi. Ýokary derejeli saparlaryň ýygjamlaşmagy gatnaşyklaryň hukuk binýadyna-da mäkämlik berýär. Häzire çenli döwletara, hökümetara we pudagara resminamalaryň 180-si hereket eden bolsa, olaryň üsti şu gezekki saparyň dowamynda gol çekilen resminamalaryň 16-sy bilen ýetirildi.

Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmeginde, Merkezi Aziýanyň çäklerinden esasy yklymüsti geçirijileriň çekilmeginde Türkmenistan we Gazagystan giň mümkinçiliklere eýe. Iki ýurt hem şol mümkinçilikleri durmuşa geçirmekde, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly boýunça, Türkmenbaşy, Aktau, Kuryk portlary arkaly gatnawlarydyr ýük daşamalary artdyrmakda tagalla edýärler. Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze köpriniň açylmagy, Türkmenbaşydan türkmen-gazak serhedine ümzük atýan 207 kilometrlik täze awtomobil ýolunyň gurluşygyna girişilmegi bolsa türkmen döwletiniň bu ugurdaky tutumly işleriniň iň täze mysallarydyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary, şol sanda Hazarýaka sebitinde söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejelere çykarmakda möhüm ädim boldy. Ýokary derejede geçirilen türkmen-gazak gepleşikleri we olaryň netijeleri boýunça gol çekilen resminamalaryň toplumy halkara hyzmatdaşlygyň birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak, şeýle hem özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda üstünlikli ösdürilýändiginiň beýanydyr.

Döwletgeldi ANNAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

1764164077281 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ata-eneler bilen bilelikdäki işleri döwrebaplaşdyrýarys

muzey milli THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Milli taryhy-medeni miras öwrenilýär

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop